16-njy maýda Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynda (MYA) Türkmenistanyň Ilçihanasynyň ýardam bermeginde “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” temasyndan maslahat geçirildi. Foruma Gruziýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda MYA-nyň prezidenti Georgi Kwesitadze, türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Döwletmyrat Myradow, syýasatşynas, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti Badri Naçkebiýa, Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory L. Metreweli we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyş edenler 2018-nji ýylyň Türkmenistanda “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilendigini belläp, ençeme asyrlaryň dowamynda biziň ýurdumyzyň ýewraziýa ýollarynyň çatrygy, medeniýetleriň gatnaşygy we goşulyşma işleri üçin meýdança bolandygyny nygtadylar.Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen iri ulag-logistiki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen Beýik Ýüpek ýoluny häzirkizaman görnüşinde dikeltmekligiň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.
Çykyş edenler Türkmenistanyň häzirki wagtda Ýewraziýanyň möhüm ulag-aragatnaşyk we üstaşyr geçiriş merkezine öwrülýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglanşyklylykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagyna we Serhetabat-Turgundi demir ýolunyň ulanylmaga berilmegine üns çekildi.
Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa sebitiniň we Hazar deňzi ýurtlarynyň ählumumy ykdysady goşulyşma ulgamyna netijeli goşulyşmagy jähtinden strategiki ähmiýeti nygtaldy.
Bu tema bagyşlanyp ýurtda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler, onuň taryhy we häzirki döwri, halkara derejesindäki üstünlikleri, maýa goýum strategiýasy, syýahatçylyk mümkinçiligi, şeýle hem medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary we göwnaçyklygy barada gürürň berýän wideoşekiller görkezildi.
Maslahata gatnaşanlara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi.