Şu gün Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar.
Türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli barada hemmetaraplaýyn alada etmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Şu günki dabara hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu dabara Milli parlamentiň, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, hut döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli ýöredýän durmuş ugurly syýasaty Türkmenistanyň bütin dünýäde abadançylygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmündäki meşhurlygyny şertlendirdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň geriminiň yzygiderli giňeldilmegi, iň döwrebap enjamlar, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen mekdep ýaşyna çenli döwrebap edaralaryň, mekdepleriň, şeýle hem çagalar we ýetginjekler üçin estetiki hem-de çeperçilik merkezleriniň köpçülikleýin gurulmagy, körpeleriň boş wagtlaryny netijeli we täsirli geçirmegi üçin niýetlenen düzümiň ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletliler köşgünde terbiýelenilýänler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp sowgatlary, ösüp gelýän nesil baradaky ägirt uly aladasy hem-de ýurdumyzyň ähli çagalarynyň atalyk aladasy bilen gurşalyp alnandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara köşgüň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Döredijilik toparlary hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy netijesinde dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Olar diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem geçirilýän halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda we festiwallarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, özleriniň gazanan baýraklaryny mähriban Watanymyza hem-de ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmekleri üçin ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlaýarlar. Ýaş nesliň — ýurdumyzyň geljeginiň beden, aň-paýhas, ruhy-ahlak we durmuş taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek bolsa döwletimiziň berkararlygynyň mizemezliginiň kepili bolup durýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm