Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, beýik üstünliklere hem-de taryhy wakalara beslenýär. Türkmenbaşy – port şäheri. Şeýle bolansoň, gojaman Hazary ýakalap oturan şäheriň ýaşaýjylarynyň köp sanlysynyň döredijilikli zähmeti suw ulagy ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurt garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen, Türkmenbaşy deňiz porty ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi. Gury ýük daşaýan we beýleki kuwwatly gämiler gelip gowuşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe deňziň türkmen kenaryna täze paromlar, nebit daşaýan tankerler, tirkeg gämileri geldi. Gämileriň hatarynyň artmagy önümçiligiň ilermegine, işleriň netijeli guralmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Suw ulaglar ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlamak babatda hem köp işler bitirildi. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň suw ulagy bölümi açyldy. Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi işläp başlady. Bu okuw jaýlarynyň uçurymlary öz saýlan hünärleriniň eýeleri boldular. Halkara deňiz portunyň öňünde goýlan wezipäniň uludygyna deňizçiler örän oňat düşünýärler.
Täze halkara deňiz portunyň gurulmagy baradaky giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine suw ulaglary ulgamynyň hünärmenleri sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Ine, şol arzyly gün gelip ýetdi. Baharyň soňky aýynyň ikinji güni bu ýer taryhy wakanyň geçýän ýerine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berimuhamedowyň ak patasy bilen täze Halkara deňiz porty ulanylmaga berildi. Täze port parom, ýolagçy we konteýner terminallaryny, gämi gurluşyk hem-de abatlaýyş zawodyny özüne birleşdirýär. Bu zawodlarda türkmen hünärmenleri täze gämileri gurarlar, gämileri abatlarlar. “Balkan” diýlip atlandyrylan zawod ýurdymyzda gämi gurluşygynyň kemala gelmeginiň başyny başlar. Gämi gurmakdan başga-da, bu ýerde tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri abatlamak bilen meşgullanylar. Toplumyň konteýner terminaly Türkmenistany sebitiň eksport-import logistika ulgamynda öňdäki orunlara çykarar. Onda konteýner ýüklerini saklamak, utgaşykly işlemek boýunça hyzmatlar ýerine ýetiriler. Ýükler howa, Awtomobil we demir ýol ulaglary bilen getiriler, suw ulagyna ýük ýüklemek-düşürmek işleri alnyp barlar. Konteýner terminaly hemra ulgamy bilen üpjün edilipdir. Umumy ýükleriň terminaly dürli gurluşyk serişdelerini, demir, polat, agaç, maşynlar ýaly ýükleri kabul etmäge we ugratmaga niýetlenipdir. Şeýle hem portuň düzüminde ürgün ýükler terminaly, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni saklamak we ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen terminal bar.
Täze portuň ýolagçy terminaly hem bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Ýüzlerçe orunlyk terminalda migrasiýa, pasport gözegçiligi amala aşyrylýar. Myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri bar. Bular ýolagçylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär. Terminalyň duralgasynda birbada iki gämi ýerleşýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň treýlere hyzmat edip bilýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri örän uludyr. Täze deňiz portunyň diňe ýurdumyza däl, eýsem, sebit, dünýä üçinem uly bähbidi bolar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir