Şu aýyň başynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty eýýäm ýurdumyzda öndürilýän önümleri deňiz ýoly bilen eksport etmek üçin ulanylyp başlandy. Täze portda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen, bu ýerde bolanymyzda karbamidiň, kükürdiň we polipropileniň eksport edilmek üçin gämä ýüklenilýän pursatlaryna gabat geldik.
Şu gün täze portumyzdan Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen we ýurdumyzda öndürilen kükürt eksport edilýär. Has takygy, kükürt Russiýa ugradylsa, Polipropilen we karbamid Russiýanyň üsti bilen Ýewropa döwletlerine ugradylýar ― diýip, Halkara deňiz portunyň umumy ýük terminalynyň ýolbaşçysy Berdinepes Kümşiýew gürrüň berdi.
Aslynda, bu önümler täze portdan eksport edilen ilkinji harytlar däl. Mundan birnäçe gün ozal Hazaryň kenaryndaky iň täze port arkaly Eýrana polipropilen hem ugradylypdyr. Ýakynda bolsa Russiýa kükürdiň we karbamidiň ýene uly tapgyrynyň ugradylmagyna garaşylýar. Şeýle hem Türkiýeden ýükleriň gelmegine garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýükleri üstaşyr gatnatmakda diňe bir biziň ýurdumyza däl-de, tutuş sebite hyzmat edýär. Ýakyn günlerde Hazaryň türkmen kenaryna labyr taşlajak gämileriň arasynda Özbegistan üçin ýükleri getirjek gämi hem bar. Ol ýükler bu ýerde goňşy döwlete awtoulaglar arkaly äkidiler. Ýükleri üstaşyr geçirmegiň taraplaryň ählisi üçin hem ähmiýetli boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki deňiz-umman ýollary häzirki wagtda ýük gatnatmagyň iň amatly ugry hökmünde ykrar edilýär.
Şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Magtymguly” gämisi arkaly Russiýadan armatura getirilipdir. Diňe düýnüň özünde portuň umumy ýük terminaly birbada dört gämä hyzmat edip dur. Kükürtdir polipropilen türkmen portunyň “Türkmenistan” gämisine ýüklenilip durlan bolsa, karbamid Russiýadan gelen bir gämi arkaly Gara deňziň giňişliklerine çenli alnyp gidiler. Russiýadan gelen başga bir gämi bilen bolsa ňangyn söndüriji gämi getirilipdir.
Täze port arkaly diňe bir günde eksport edilen ýükleriň mukdary 10 müň tonnadan geçýär. Bu terminalda umumylykda bolsa her gün 12 müň tonna çenli ýüki ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik bar. Işleri öz wagtynda amala aşyrmak üçin bolsa bu ýerde bir açyk we iki sany ýapyk ammar, dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynda öndürilen ýük göteriji tehnikalaryň onlarçasy bar.
Çeşme: turkmenportal.com
garayolly68 6 years ago- Oñ bolsun