«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly ýurdumyzyň habarlar giňişliginde 2018-nji ýylda peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen neşir iki aýdan bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär.
Hünärmenler, ýokary düzümiň, häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe-ykdysadyýet bölümleriniň, salgyt we ätiýaçlandyryş edaralarynyň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň işgärleri, syýasatşynaslar, bilermenler, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin niýetlenen žurnal ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüligini milli ykdysadyýetimiziň üstünlikleri we öňünde durýan wezipeleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan esaslandyrylan hem-de bu pudakdaky esasy wakalara, onuň ugurlaryna gönükdirilen synlardan, ýurdumyzyň maliýe bazarynyň ösüşiniň esasy meselelerinden ybarat bolan bu neşiriň ikinji sany çapdan çykdy.
Žurnal “Ösüşleriň täze belentlikleri” atly makala bilen açylýar. Awtor onda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy we TOP ugry boýunça çekiljek elektrik geçiriji ulgamyň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak dabarasy barada gürrüň berýär.
Şu wakanyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren beýleki taslamalarynyň mysalynda Türkmenistanyň energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynyň ösüşine syn berilýär. Ol bu ugurlaryň sebitleýin we ählumumy ykdysadyýete goşulmagy, oňa iri halkara ykdysady düzümleriň, dünýäniň maliýe institutlarynyň we işewür toparlarynyň işjeň çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler hakynda beýan edilýär. Munuň özi Türkmenistana Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge we onuň hereket etmeginde hem-de ýurtlaryň we halklaryň birleşmeginde eýeleýän taryhy ornuna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
“Globallaşma we milli ykdysady ulgamy ösdürmegiň meseleleri” atly makalada ýokardaky pikir dowam edýär. Onda Aziýa sebitinde täze ykdysady giňişligiň kemala gelmeginiň şertleri, söwdadaky ýagdaýlaryň birek-birege täsiri, maliýe serişdeleriniň akymy we Türkmenistanyň senagat eksportunyň ösüşine öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegi ýaly ýagdaýlar yzarlanýar.
Ýurdumyzda ylmyň we bilimiň esasy öndüriji güýç bolup durýandygy bellenilýär. Onuň halk hojalygy toplumynyň täzeçil usullary bolan serişde tygşytlaýjy, daşky gurşawy goramak ýagdaýlaryna yzygiderli geçmegi, döwletimiziň telekeçilige we hususy işewür başlangyçlara berýän goldawynyň artmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini, onuň durmuş ulgamyna gönükdirilen ugruny üpjün edýär.
Şeýle hem žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatynyň Türkmenistanyň maýa goýum işjeňligine ýetirýän oňyn täsiri, häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugry bolan ulag geçelgeleriniň giňeldilmegi, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde banklaryň ornunyň ýokarlanmagy, ýurdumyzyň maliýe edaralarynyň dünýäniň maliýe ulgamyna goşulmagy ýaly meseleler barada gürrüň edilýär.
“Bazar özgertmeleri” diýen umumy sözbaşy astynda ýerleşdirilen makalada gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy, gazna biržalarynyň we brokerçilik işleriniň guralmagy üçin Türkmenistanda döredilýän şertler hakynda gürrüň berilýär.
Ýurdumyzda täzeçil senagat-önümçilik toplumlarynyň döremegini, daşarky maýa goýumlaryň çekilmegini şertlendirýän ýurdumyzdaky erkin ykdysady zolaklary (EYZ) döretmegiň hukuk esaslary we onuň aýratynlyklary barada “Türkmenistanyň sebitleriniň öndüriji güýçlerini ösdürmegiň netijeli usullary” atly makalada gürrüň berilýär. Şeýle hem onda welaýatlaryň çäklerindäki pudaklaryň ösüşine, olaryň ykdysady mümkinçiliklerine syn berilýär.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçilikden goramak agentligi tarapyndan taýýarlanylan makala ýurdumyzda EYZ-laryň döredilmeginiň strategik ugruna bagyşlanandyr. Makalada ykdysady zolaklaryň işiniň kanunçylyk üpjünçiliginden başga-da has netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, eksport ugurly harytlaryň çykarylyşynyň artdyrylmagy hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň giňeldilmegi, ýerli haryt öndürijileriniň höweslendirilmegi, ýurdumyzyň kärhanalarynyň daşarky bazarlara çykmagy, netijede bolsa ilatyň girdejileriniň ýokarlandyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda aýratyn bellenilýär. Ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň ýola goýulmagy hem möhüm meseleleriň hatarynda görkezilýär.
Žurnalyň ikinji sanynda BMG-niň durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilýändigi barada makalalar toplumy çap edilip başlanyldy. Žurnalyň sahypalarynda “Bolelin ýaşaýşyň kepili” sözbaşy astynda ýerleşdirilen makalada ählumumy gün tertibiniň ilkinji iki maksady boýunça ýurdumyzyň oňyn tejribesi beýan edilýär, bu maksatlara ýurdumyz eýýäm ýetdi. Indi gürrüň ilatyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, azyk howpsuzlygynyň berkidilmegi hem-de obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler barada gidýär.
“Durnukly ösüş syýasatynyň ekologiýa ugry” atly makalada durnukly ösüş maksatlary baradaky gürrüň dowam etdirilýär, onda biziň ýurdumyzda bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegi üçin görülýän iri möçberli çäreler toplumy beýan edilýär, olarda sarp etmegiň we önümçiligiň netijeli nusgalaryna geçilmeginiň üpjün edilmegi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreler, ekologiýa ulgamlarynyň goralyp saklanmagy we beýleki tebigaty goraýyş işleri göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere aýratyn üns berýär, onuň netijesinde ýurdumyzda Watanymyzy gülledip ösdürmäge ýardam berýän iri ekologiýa taslamalary we milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Surata düşüren: Maksim PAPANOW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm