Daşkentde Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrligininiň Özbegistan Respublikasynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde gurnan medeni däpleriň we milli tagamlaryň XVI gözden geçirilişi boldy. Çäre halklaryň ruhy bütewiligine we halkara ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň milli diwarçasy daşkentlileri we şäheriň myhmanlaryny ýurdumyzyň taryhy hem-de medeni däpleri, amaly-haşam sungaty eserleri, şeýle hem nepis el halylary, şol sanda ýüpek haly önümleri, keteni matasy, dokma toplumlarynyň we TSTB-niň kärhanalarynyň önümleri, özboluşly sowgatlyklar we zergärleriň ajaýyp şaý-sepleri bilen tanyşdyrdy.

Bu ýere gelenler ajaýyp türkmen milli tagamlaryna mynasyp baha berdiler, olara milli naz-nygmatlar hödür edildi. Çäräniň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň tanymal döredijilik toparlarynyň, sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir