Hususy habarçymyz TDSG-nyň borçnamalaýyn harby gullukçysy Balhiýew Habib Mennikulowiç bilen söhbetdeş boldy. Söbetdeşimiziň aýtmagyna görä, 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen uruşda gazanylan Beýik ýeňiş adamzadyň taryhynda Watan goragy ugrunda gazanylan iň uly ýeňişleriň biri diýsek ýalňyşmarys. Ýagny, türkmen halky hem öňki SSSR-iň düzümine girýän doganlyk Respublikalaryň raýatlary bilen bir hatarda ata watany, ene topragy basybalyjylardan goramak üçin gahrymançylyklary görkezen halklaryň biridir. Ýurdumyzda, ata-babalarmyzyň, ene-mamalarmyzyň özboluşly mynasyp goşant goşmagynda gazanylan Beýik Ýeňiş her ýylyň 9-njy maýynda döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem bu şanly senä bagyşlap, şu günki günler birnäçe medeni we sport çäreleri geçirmek, uruş weteranlarmyza we olara deňeşdirilenlere pul sylaglaryny, sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak işleri dowam edýär. Hazarýaka Türkmenbaşy şäherinde häzirki wagtda 3 sany uruş weterany we 2 sany olara deňeşdirilen gojalar bolup, olar biziň göz guwanjymyzdyr. Beýik Ýeňişiň 73 ýyllygyna bagyşlanyp, olara şu ýyl hem döwlet tarapyndan 200 manat pul sylagy we jemgyýetçilik guramalaryň hem-de harbylaryň adyndan dürli görnüşli gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Weteranlarmyz Watany söýmekde we oňa ak ýürekden wepaly gulluk etmekde görelde mekdebi bolup, olaryň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklaryň ýaşlara terbiýeçilik ähmiýeti we täsiri örän ulydyr.
Ine bu gün hem Türkmenbaşy şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň guramagynda Türkmenbaşy şäherinde ýagny, Hazar deňziniň kenaryna ugurdaş bolan Bahry-Hazar köçesiniň ugrunda Beýik Ýeňşiň 73 ýyllygyna bagyşlanyp, estafeta ylgaw ýaryşy geçirildi. Şu marşrut boýunça estafeta ylgaw ýaryşy 05.05.1939-njy ýyldan bäri geçirilip, 1991-nji ýyldan bäri bolsa çäre Ýeňiş baýramçylygyna bagyşlanýar. Bu günki estafeta ylgaw ýaryşyna Türkmenbaşy şäheriniň ýokary synp mekdep okuwçylaryndan, edara-kärhanalaryň işgärlerinden, ýokary we ýörite-orta okuw jaýlarynyň talyplaryndan şeýle-de harby talyplardan ybarat jemi 600 adam gatnaşyp, ýaryş diýseň çekeleşikli ýagdaýda gyzykly geçdi. Geçirilen sport we medeni çäreler raýatlaryň baýramçylyk keýpini has hem galdyrdy. Olaryň ýüzündäki şatlykly ýylgyryşlar bagtyýar durmuşy, Watana bolan söýgini, ýagty geljege bolan ynamy alamatlandyrýar. Men şu günki ýaryşda 1-nji orny eýeledim. Harby gullukçy hökmünde estafeta ylgaw ýaryşynda ýeňiji bolmak meniň üçin buýsandyryjy wakadyr.
Ýatlap geçsek, “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregidir” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda 25.02.2018-nji ýylda Türkmenabat şäherinde “Beýik ýüpek ýoly” atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşa, welosipedli ýörişe hem-de “Amul-Hazar” atly halkara awtoralli ýaryşyna badalga berildi.
Häzirki döwürde Watanymyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyk saklap, Garaşsyz, Baky Bitarap döwlet hökmünde adamzadyň howpsuzlygyny, dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça global meseleleri çözmekde mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyzyň alyp barýan açyk, aýdyň demokratik ýörelgelere esaslanýan içeri we daşary syýasaty türkmen halkyny dünýäniň halklary bilen ysnyşdyryp, dost-doganlyk gatnaşyklary günsaýyn berkidýär. Pederlermiziň arzuwlan Berkarar döwletimizde bu günki günde Türkmenistan ösüş strategiýasyny, syýasatyň ugurlaryny özbaşdak kesgitläp, halkyny bagtyýar geljege alyp barýar. Ýurdumyzda parahatçylyk höküm sürüp, halkymyz rahat durmuşda ýaşaýar. Her bir adam şeýle asuda, parahat döwletde ýaşaýandygyna buýsanmaga haklydyr we eşretli durmuşyň gadryny bilip, Watanyny söýmäge, ýurduň at-abraýyny, çäk bitewiligini goramaga borçlydyr. Goý hiç haçan uruş bolmasyn. Dünýäde diňe asudalyk, parahatçylyk dost-doganlyk höküm sürsün. Gahryman weteranlarmyza şöhrat!!!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir