Beýik Ýeňiş gününiň senesi nesilleri we halklary, häzirki döwürde ýetilen sepgitleri, mähriban topragymyzy, onuň parahatçylygyny we asudalygyny, nesilleriň ýakyn we geljekki durmuşyny goramak üçin fronta giden türkmen esgerleriniň edermenligini berk baglanyşdyrýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Mähribän Watanymyz, eziz türkmen halkymyz baýramçylyk senenamasynda aýratyn orny eýeleýän baýramy 1941-1945-nji ýyllaryň urşundaky Beýik ýeňiş baýramyny dabara bilen belleýärler. Ýeňiş baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dürli medeni we sport, köpçülikleýin çäreleri geçirilýär. Dabaraly çäreleriň esasy maksady ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsini has artdyrmakdan, şeýle-de uruş weteranlarynyň mukaddes topragymyzy goramakdan, geçen gahrymançylyklaryna hormat goýmakdan ybaratdyr. Hakykatdan-da, Watan üçin galkynan türkmen gerçekleri, uruş weteranlary, maşgala diregi bolan ak saçly enelerimiz durmuş mekdebi bolup durýar.
Milli gahrymanlarymyzy hatyrlamak, olaryň görkezen edermenliklerine sarpa goýmak türkmen jemgyýetiniň asylly ýörelgeleriniň biridir. Şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilýän dabaralarda uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanyzymyň adyndan pul we gummat bahaly sowgatlar hem-de ajaýyp bahar gülleri gowşurylýar.Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlilik ýörelgelerini dabaralandyrylýan, halklary dost-doganlyk gatnaşyklaryna alyp barýan baýramdyr. Nesilleri hakyky watançylyk, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde Ýeňiş baýramy aýratyn ähmiýete eýedir. 9-njy maýda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli şäherlerinde, obalarynda şanly Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berilýär.

Surata düşüren: TDUmaksat

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir