Golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Liderimiz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, tylda edermenlik görkezip zähmet çekenlere we uruşda wepat bolan Watan goragçylarynyň ýan-ýoldaşlaryna sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Milli Liderimiziň bu Permany Watan gahrymanlary bilen bilelikde, halkymyzy hem diýseň begendirdi. Sebäbi bu döwletimiziň diňe bir olaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowlandyrylmagy bilen baglanyşykly hemişe alada edýändiginden daşary, nesilleriň bagtyýar ýaşamagy üçin janyny aýaman Watan goran gahrymanlaryň hemişe sarpalanylýandygyny hem görkezýär.
Türkmenistanda her ýyl Ýeňiş güni, ählihalk baýramy hökmünde giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, bu senäniň hormatyna hem uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolanlarynyň ýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan dabaraly ýagdaýda pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky Beýik Ýeňişiň gazanylmagy üçin mynasyp goşant goşupdyrlar. Bu söweşe nesilleriň parahatçylykly we abadan durmuşy, tutuş adamzadyň bagtly geljegi ugrunda gaýduwsyz söweşip, deňsiz-taýsyz gahrymançylygyň hem-de gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz olaryň durmuşynyň geljekki nesiller üçin edermenligiň nusgasyna öwrülendigini aýdyp, şol ýyllaryň wakalary baradaky hakydany aýawly saklamagyň biziň borjumyz bolup durýandygyny nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň şeýle aladalary belent ynsanperwerligiň nusgasydyr. Ol şeýle hem ýurdumyzda her bir adamyň bagtyýar durmuşy, abadan ýaşaýşy, parahatçylygyň dabaralanmagy babatda edilýän işleriň bimöçberdigini subut edýär.

Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy Güljahan Ataýewa

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir