5-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasy boldy hem-de olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.
Dabara uruş weteranlary, ýaryny urşa ugradan eneler, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Weteranlara hem-de urşuň yzynda galan enelere ýadygärlik sowgatlary we güller gowşuryldy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň “Göreldeli” harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly watançylyk aýdymy ýaňlandy. Soňra sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary boldy.
Ýeňiş gününe bagyşlanan esasy çäreler 9-njy maýda geçiriler, onda tutuş türkmen halky ähli gowulyklary, häzirki bagtly durmuşy we nurana geljegi alamatlandyrýan Ýeňiş baýramyny bellär.
Şol gün “Halk hakydasy, hem-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň milli gahrymanlaryna bagyşlanyp gurlan ýurdumyzyň beýleki şäherlerindäki ýadygärliklere hem däp bolan gül goýmak dabaralary bolar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir