3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy esasynda geçirilen milli goşunyň söweşjeň ukyplylygyny duýdansyz barlamak nobatdaky gezek Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň we bölümleriniň oňat taýýarlygyny görkezdi.
Türkmen halkynyň harby däpleriniň mirasdüşerleri, Watanymyzyň merdana goragçylary özlerini nobatdaky gezek watandaşlarymyzyň asuda durmuşynyň goragynda duran kuwwatly, mizemez we jebis güýç hökmünde görkezdiler.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň öň ýanynda bu okuw tälimi mukaddes türkmen topragynyň eldegrilmesizligini gözümiziň göreji deýin goraýan harbylaryň täze nesli şu jogapkärli we hormatly işde —Watanymyzyň ygtybarly galkany bolmak işinde harby ylmyň ähli çylşyrymlylyklaryny we täze tehnologiýalaryny özleşdirmek bilen, öz borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasy derejesiniň ýörelgelerinden ugur almak bilen, ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny, onuň işgärler düzüminiň berkidilmegini hem-de türkmen esgerleriniň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Sebäbi halkymyz öz erkin we bagtly durmuşyna daşardan hiç zadyň howp salmaýandygyna, ýurdumyzyň asudalygyna we onuň röwşen geljegine islendik kast etmäniň gürrüňsiz öňüniň alynjakdygyna ynamy bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Milli Liderimiziň gös-göni ýolbaşçylygynda goşunyň dessinligini, ykjamlygyny, başarjaňlygyny barlamak bilen geçirilen harby-taktiki okuwlaryň esasy netijeleriniň biri — bu ýurdumyzyň kepillendirilen goranyş ukyplylygyny üpjün etmek bolup durýar, diýmek, onuň ähli raýatlarynyň, her bir maşgalanyň hem-de her bir çaganyň eziz Watanymyzyň asuda asmanynyň astynda bagtly çagalyga bolan hukugy diýmegi aňladýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm