«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. Onuň gün tertibine sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, bu möhüm ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň 70-den gowragy gatnaşdy. Wekiliýetleriň düzüminde ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ulag, aragatnaşyk, Daşary işler ministrligi, täjirçilik, senagat, maýa goýum we ösüş, gümrük hem-de migrasiýa gulluklarynyň, ýöriteleşdirilen agentlikleriň, awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ulaglary ulgamlarynyň kärhanalarynyň hem-de kompaniýalaryň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri bar. Duşuşyga Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa hem-de Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň we başga-da birnäçe halkara düzümleriň ýokary wezipeli wekilleri hem gatnaşdylar. Ýakynda birnäçe daşary döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň hem-de ulag we logistika pudagynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly maslahat ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklar ýaly möhüm ugra bagyşlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny kesgitläp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýany Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýandygyndan ugur alýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taryhy, geosyýasy, ykdysady şertlere eýe bolan bu sebit diňe bir yklymlaýyn däl, eýsem, bütindünýä hereketinde möhüm orun eýelemegini dowam edýär. Hut şu ýerlerden asyrlaryň dowamynda medeniýetleri baglanyşdyran kerwen ýollary geçipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde dikeldilmegi dünýäniň onlarça döwletleriniň we ýüz millionlarça adamlaryň ösüşi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Bu ulag ýollary Aziýa bilen Ýewropany, bu ägirt uly yklymyň iki böleginde ýaşaýan halklary birek-birege hormat goýmak, deňhukukly, özara düşünişmäge we açyklyga ýardam bermek ýaly ýörelgeler arkaly baglanyşdyrýar. Merkezi Aziýanyň halkara gatnaşyklara işjeň goşulmagy, degişli ulag-üstaşyr we aragatnaşyk ulgamlarynyň döredilmegi hut şu maksatlary amala aşyrmakda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürdi. Olar dünýä bileleşiginiň oňlamagyna we giň goldawyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň öňe sürýän taslamalarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Ulag-aragatnaşyk pudagynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň esasy ugry bolup durýandygyny bellemeli. Bu iri sebitleýin gurama 1985-nji ýylda döredilip, ol özüne Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Türkmenistan, Türkiýe, Täjigistan we Özbegistan ýaly on döwleti birikdirýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Birleşen Milletler Guramasynda we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda synçynyň derejesine eýe bolup, Ýewropa Bileleşigi, BMG-niň ýanyndaky azyk we oba hojalygy boýunça guramasy, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça Ýöriteleşdirilen edarasy, Halkara Energetika Hartiýasy, Günorta — Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. Şu gezekki mejlise gatnaşyjylar şeýle hem “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatyň ähmiýetini bellediler. Munuň özi dünýä we ählumumy ösüşiň möhüm şerti hökmünde durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça netijeli pikir alyşmalar, başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek üçin amatly binýada öwrüldi. 2017-nji ýylda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XIII sammitinde yglan edilen we Türkmenistanda geçirilen duşuşykda öňe süren başlangyçlary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirildi. Bellenilişi ýaly, ulag geçelgeleriniň giňeldilmegi halkara we sebitara guramalaryň bilelikdäki tagallalaryny talap edýär. Öz gezeginde halkara ulag düzümi dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, durnukly ösüşe giň ýol açýar. Ulag geçelgeleriniň eýeleýän wajyp ornuny nazara alanyňda, häzirki döwürde bu mesele Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gün tertibiniň möhüm ugry bolup durýar. Onuň wezipesi sebitiň ykdysady ösüşi, onuň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulmagy, medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky yzygiderli halkara hyzmatdaşlygy ýaly ugurlardan ybarat bolup durýar. “2017 — 2025-nji ýyllarda YHG-niň geljekki ugurlary” maksatnamasy hut şu ugra gönükdirilendir. Onuň çäklerinde YHG-a agza ýurtlar ykdysadyýet, söwda, ulag, aragatnaşyk, energetika, syýahatçylyk, durmuş üpjünçiligi we daşky gurşaw ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işläp taýýarlamaga we ony durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler. Duşuşygyň dowamynda ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň demir ýol, awtomobil, deňiz ulaglary, raýat awiasiýasy boýunça ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak babatda sebitleýin bazaryň ösüşiniň dürli ugurlaryna garaldy. Pikir alyşmalaryň dowamynda sebitleýin gatnaşyklara iş ýüzünde itergi bermek maksady bilen, utgaşykly ulag syýasatyny alyp barmagyň zerurdygy bellenildi. Şeýle hem kanunçylygyň we tölegleriň utgaşyklylygy, gümrük, wiza we beýleki çäreleri ýuwaş-ýuwaş ýeňilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu çäreler işewür düzümleriň işini ýeňilleşdirmäge we ýük gatnawlarynyň we daşarky söwdanyň möçberleriniň artmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir. Ulag we logistika ulgamlaryndaky düzümleýin taslamalara, YHG ýurtlarynyň üstünden geçýän esasy ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny we bähbitliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi. Hususan-da, ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iňlis dilinde çykyş edip, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň milli maksatnamasynyň çäklerinde Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki zaman demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabatda hem-de welaýatlarda halkara howa menzilleriniň gurlandygyny belledi. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulmagy bu ulgamdaky sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär we olary üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa Gara hem-de Baltika deňzi sebitleriniň, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň deňiz terminallaryna, şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykalgany üpjün edip, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ýaly dostlukly döwletleri baglanyşdyran demir ýol, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) ugry boýunça Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň ähmiýeti bellenildi. Onuň işe girizilmegi bilen hereket edýän yklymüsti ugurlaryň netijeli peýdalanylmagyny, Hazaryň üstünden geçýän halkara täze ulag geçelgeleriniň döredilmegini şertlendirer we gyzyklanma bildirýän ýurtlara dünýä bazaplaryna bolan çykalgany üpjün eder. Bu bolsa sebitara we halkara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä çykalgasy bolan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoly döretmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini gurmak, Ýewropa, Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň, taslamalarynyň möhümdigi bellenildi. YHG ýurtlarynda maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny, giň zolakly, ýokary tizlikli Interneti ösdürmek, bu ugurda hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň ilkinji milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny, ýokary hilli tele we radio ýaýlymlary döretmek üçin täze mümkinçilikler hem-de şertler peýda boldy. Mejlisiň jemini jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylar netijeli işewür duşuşyklaryň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklary Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berer. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX duşuşygynyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm