Düýn «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si bol­dy.

Onuň gün ter­ti­bi­ne se­bit we se­bi­ta­ra ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, bu mö­hüm ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ iş­jeň­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň giň top­lu­my gi­ri­zil­di. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň — Azer­baý­ja­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň, Eý­ra­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Pa­kis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Tä­ji­gis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň we­kil­le­ri­niň 70-den gow­ra­gy gat­naş­dy.

We­ki­li­ýet­le­riň dü­zü­min­de ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynyň, şol san­da ulag, ara­gat­na­şyk, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi, tä­jir­çi­lik, se­na­gat, ma­ýa go­ýum we ösüş, güm­rük hem-de mig­ra­si­ýa gul­luk­la­ry­nyň, ýö­ri­te­leş­di­ri­len agent­lik­le­riň, aw­to­mo­bil, de­mir ýol, de­ňiz we ho­wa ulag­la­ry ul­gam­la­ry­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň hem-de kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri bar.

Du­şu­şy­ga Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, BMG-niň Azi­ýa hem-de Ýu­waş um­man üçin Yk­dy­sa­dy we dur­muş to­pa­ry­nyň, Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň we baş­ga-da bir­nä­çe hal­ka­ra dü­züm­le­riň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar.

Ýa­kyn­da bir­nä­çe da­şa­ry döw­let­le­riň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de ulag we lo­gis­ti­ka pu­da­gyn­da iş­le­ýän iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze ösüş­le­re ta­rap” at­ly mas­la­hat ulag ul­ga­myn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­lar ýa­ly mö­hüm ug­ra ba­gyş­la­nyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry­ny kes­git­läp, ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi Azi­ýa­ny Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm we aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gyn­dan ugur al­ýan­dy­gyny aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ta­ry­hy, geo­sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy şert­le­re eýe bo­lan bu se­bit di­ňe bir yk­lym­la­ýyn däl, eý­sem, bü­tin­dün­ýä he­re­ke­tin­de mö­hüm orun eýe­le­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Hut şu ýer­ler­den asyr­la­ryň do­wa­myn­da me­de­ni­ýet­le­ri bag­la­nyş­dy­ran ker­wen ýol­la­ry ge­çip­dir. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de di­kel­dil­me­gi dün­ýä­niň on­lar­ça döw­let­le­ri­niň we ýüz mil­lion­lar­ça adam­la­ryň ösü­şi üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Bu ulag ýol­la­ry Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­ny, bu ägirt uly yk­ly­myň iki bö­le­gin­de ýa­şa­ýan hal­k­la­ry bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly, öza­ra dü­şü­niş­mä­ge we açyk­ly­ga ýar­dam ber­mek ýa­ly ýö­rel­ge­ler ar­ka­ly bag­la­nyş­dyr­ýar.

Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ra iş­jeň go­şul­ma­gy, de­giş­li ulag-üs­ta­şyr we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hut şu mak­sat­la­ry ama­la aşyr­mak­da mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan bir­nä­çe wa­jyp baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Olar dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň oň­la­ma­gy­na we giň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy. Ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän tas­la­ma­la­ry­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ulag pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ka­rar­na­ma­sy­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li. Bu iri se­bit­le­ýin gu­ra­ma 1985-nji ýyl­da dö­re­di­lip, ol özü­ne Azer­baý­jan, Ow­ga­nys­tan, Eý­ran, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Pa­kis­tan, Türk­me­nis­tan, Tür­ki­ýe, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan ýa­ly on döw­le­ti bi­rik­dir­ýär. Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da we Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­da syn­çy­nyň de­re­je­si­ne eýe bo­lup, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, BMG-niň ýa­nyn­da­ky azyk we oba ho­ja­ly­gy bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy, BMG-niň bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça Ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy, Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy, Gü­nor­ta — Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki­ler bi­len ýyg­jam hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.

Şu ge­zek­ki mej­li­se gat­na­şy­jy­lar şeý­le hem “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze ösüş­le­re ta­rap” at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Mu­nuň özi dün­ýä we äh­lu­mu­my ösü­şiň mö­hüm şer­ti hök­mün­de dur­nuk­ly ulag ul­ga­my­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li pi­kir alyş­ma­lar, baş­lan­gyç­la­ry we tek­lip­le­ri öňe sür­mek üçin amat­ly bin­ýa­da öw­rül­di.

2017-nji ýyl­da Pa­kis­ta­nyň paý­tag­ty Ys­la­ma­bat­da ge­çi­ri­len Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň XIII sam­mi­tin­de yg­lan edi­len we Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa aý­ra­tyn ho­şal­lyk bil­di­ril­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ulag ge­çel­ge­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi hal­ka­ra we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ryň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­ny ta­lap ed­ýär. Öz ge­ze­gin­de hal­ka­ra ulag dü­zü­mi dür­li ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne, dur­nuk­ly ösü­şe giň ýol aç­ýar. Ulag ge­çel­ge­le­ri­niň eýe­le­ýän wa­jyp or­nu­ny na­za­ra ala­nyň­da, hä­zir­ki dö­wür­de bu me­se­le Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň gün ter­ti­bi­niň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Onuň we­zi­pe­si se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ösü­şi, onuň döw­let­le­ri­niň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na yzy­gi­der­li go­şul­ma­gy, me­de­ni­ýet, ylym we bi­lim ugur­la­ryn­da­ky yzy­gi­der­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýa­ly ugur­lar­dan yba­rat bo­lup dur­ýar.

“2017 — 2025-nji ýyl­lar­da YHG-niň gel­jek­ki ugur­la­ry” mak­sat­na­ma­sy hut şu ug­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Onuň çäk­le­rin­de YHG-a ag­za ýurt­lar yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, ulag, ara­gat­na­şyk, ener­ge­ti­ka, sy­ýa­hat­çy­lyk, dur­muş üp­jün­çi­li­gi we daş­ky gur­şaw ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we ony dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ulag-ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­nyň de­mir ýol, aw­to­mo­bil, de­ňiz ulag­la­ry, ra­ýat awia­si­ýa­sy bo­ýun­ça ýük­le­ri da­şa­mak, ýo­lag­çy gat­nat­mak ba­bat­da se­bit­le­ýin ba­za­ryň ösü­şi­niň dür­li ugur­la­ry­na ga­ral­dy. Pi­kir alyş­ma­la­ryň do­wa­myn­da se­bit­le­ýin gat­na­şyk­la­ra iş ýü­zün­de iter­gi ber­mek mak­sa­dy bi­len, ut­ga­şyk­ly ulag sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy bel­le­nil­di. Şeý­le hem ka­nun­çy­ly­gyň we tö­leg­le­riň ut­ga­şyk­ly­ly­gy, güm­rük, wi­za we beý­le­ki çä­re­le­ri ýu­waş-ýu­waş ýe­ňil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Bu çä­re­ler işe­wür dü­züm­le­riň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge we ýük gat­naw­la­ry­nyň we da­şar­ky söw­da­nyň möç­ber­le­ri­niň art­ma­gy­na ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

Ulag we lo­gis­ti­ka ul­gam­la­ryn­da­ky dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ra, YHG ýurt­la­ry­nyň üs­tün­den geç­ýän esa­sy ulag ge­çel­ge­le­ri­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny we bäh­bit­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­di.

Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow iň­lis di­lin­de çy­kyş edip, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň ulag ul­ga­my­nyň ösü­şi­niň mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den geç­ýän hä­zir­ki za­man de­mir ýol we aw­to­mo­bil köp­rü­le­ri­niň, Aş­ga­bat­da hem-de we­la­ýat­lar­da hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri­niň gur­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy bu ul­gam­da­ky se­bi­ta­ra we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ň art­ýan­dy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Türk­men Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we ola­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Bu bol­sa Ga­ra hem-de Bal­ti­ka deň­zi se­bit­le­ri­niň, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta — Gün­do­gar Azi­ýa, Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­nyň de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na, şeý­le hem Hy­taý, Hin­dis­tan, Pa­kis­tan ýa­ly kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy mer­kez­le­re, Azi­ýa — Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na çy­kal­ga­ny üp­jün edip, Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag akym­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran ýa­ly dost­luk­ly döw­let­le­ri bag­la­nyş­dy­ran de­mir ýol, Kerki — Ymam­na­zar (Türk­me­nis­tan) — Aki­na (Ow­ga­nys­tan) ug­ry bo­ýun­ça Azi­ýa hal­ka­ra de­mir ýol ge­çel­ge­si­niň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. Onuň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len he­re­ket ed­ýän yk­ly­müs­ti ugur­la­ryň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­ny, Ha­za­ryň üs­tün­den geç­ýän hal­ka­ra tä­ze ulag ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ni şert­len­di­rer we gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ýurt­la­ra dün­ýä ba­zap­la­ry­na bo­lan çy­kal­ga­ny üp­jün eder. Bu bol­sa se­bi­ta­ra we hal­ka­ra söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we sy­ýa­hat­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ni şert­len­di­rer.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tür­ki­ýä çy­kal­ga­sy bo­lan Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Mo­dal ýo­ly dö­ret­mek, Ow­ga­nys­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe ulag ge­çel­ge­si­ni gur­mak, Ýew­ro­pa, Kaw­kaz — Azi­ýa ulag ge­çel­ge­si­ni iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň, tas­la­ma­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

YHG ýurt­la­ryn­da mag­lu­mat we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, giň zo­lak­ly, ýo­ka­ry tiz­lik­li In­ter­ne­ti ös­dür­mek, bu ugur­da hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da pi­kir alyş­ma­lar bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­sy­nyň älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­ma­gy bi­len dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny, ýo­ka­ry hil­li te­le we ra­dio ýaý­lym­la­ry dö­ret­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler hem-de şert­ler peý­da bol­dy.

Mej­li­siň je­mi­ni jem­le­mek bi­len, oňa gat­na­şy­jy­lar ne­ti­je­li işe­wür du­şu­şyk­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge ýar­dam be­rer.

Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň IX du­şu­şy­gy­nyň jem­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li res­mi­na­ma ka­bul edil­di.

Çeşme: tdh.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir