Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk artisti, sazly sahnada ajaýyp keşpleriň ençemesini döredip, halkymyzyň çyn ýürekden söýgüsine, abraýa hem-de hormata mynasyp holan artist, türkmen operasynyň ady rowaýata öwrülen aýdymçysy Maýa Kulyýewa 2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde 98 ýaşynda aradan çykdy.
Maýa Kulyýewanyň ýüregi we kalby elmydama ylham joşgunyna, yhlasa we ýaşaýşa bolan söýgä beslenendi. Türkmen opera sungatynyň kemala geliş taryhy onuň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýyl ýazgysyny täze sahypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy.
Maýa Kulyýewanyň ajaýyp sesi, artistlik zehini, drama ukyby aýdymçy zenana uly meşhurlyk getirdi. Ol öz aýdymlary bilen dünýä ýüzüne aýlanyp, türkmen aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy.
Maýa Kulyýewa 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda eneden doguldy. 1938 — 1941-nji ýyllarda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda okap, opera teatrynyň aýdymçysy hünärini ele aldy.
Ol zähmet ýoluna 1941-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynyň ikinji derejeli artisti bolup başlady. 1945 — 1992-nji ýyllarda şol teatryň ýokary derejeli opera solisti, 1992 — 2001-nji ýyllarda baş režissýory, oýun goýujy režissýory, 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça drama artisti wezipelerinde işledi.
Maýa Kulyýewanyň ady we bitiren hyzmatlary biziň halkymyzyň hakydasynda hemişelik galar. Türkmeniň saýrak bilbili Maýa Kulyýewa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara, 1955-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly ada eýe boldy.
Watan öňünde bitiren hyzmatlary, ussatlygy, türkmen sungatynyň ösüşine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy üçin, Maýa Kulyýewa 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at dakyldy hem-de «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.
Ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medallary, şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy.
2007-nji ýylda Maýa Kulyýewa ýaş sungat işgärlerini ýetişdirmek boýunça halypalyk işi hem-de köp ýyllap çeken döredijilikli we ak ýürekli zähmeti üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Watanyň wepaly gyzy, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa hakyndaky ýagşy ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedilik ýaşar.
Merhumyň jaýy jennet bolsun, Allatagala oňa iman baýlygyny bersin.
Gurbanguly Berdimuhamedow,
G.Mämmedowa,
B.Abdyýewa,
P.Agamyradow,
D.Amangeldiýew,
M.Çakyýew,
Ç.Gylyjow,
K.Durdymyradow,
R.Meredow,
M.Meredow,
G.Myradow,
E.Orazgeldiýew.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm