Türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler meýdançasynda we mejlisler zalynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guran Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli atçylyk pudagy boýunça Halkara sergi–ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahat iki gün dowam edip, öz işini tamamlady. Halkara sergi–ýarmarkasyna we ylmy maslahata daşary ýurt kompaniýalarynyň onlarçasy öz önümleri, belli ugurlarda ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary bilen, şeýle hem alym-professorlar, atşynaslar, taryhçylar we başga-da ençeme myhmanlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe atçylygy we atly sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen atly sport bäsleşikleri, ilkinji nobatda ýokary taýýarlykly sport atlaryny we ussat türgenlerini ýetişdirmek esasy maksat bolup durdy.
Dabarasy dag aşyp, uludan tutulan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli atlaryň uzak aralyga çapmak boýunça marafon ýaryşyna ýurdumyzyň dürli atçylyk hojalyklaryna we hususy atşynaslaryna degişli saýlama bedewler gatnaşdylar. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilmegi däbe öwrülen atlaryň uzak aralyga marafon ýaryşlary indi 18 ýyl bäri yzygiderli geçirildi. Dyzy kuwwatly, ýyndam hem çydamly bedewleri saýlanan bu ýaryşda ýeňiji bolan bedewleriň hem çapyksuwarlaryň sylagy atçylygyň hak Howandarynyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenen gününde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabara bilen gowşuryldy.
Türkmen buýsanjy, guwanjy, şöhraty hem şanly ahalteke bedewi Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň bezegi boldy.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir