Paýtagtymyzda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi.

2010-njy ýylda döredilen, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen ýyllarda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmäge, bu tohum atlary kämilleşdirmäge, olaryň ajaýyp nesil we sport häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşen atşynaslaryň gatnaşyk etmegi üçin netijeli gurama öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işleri halkymyzyň milli buýsanjy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyz uly goşandy bolan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Assosiasiýanyň işiniň netijeleri hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary her ýyl Türkmen bedewiniň baýramynyň öň ýanynda onuň mejlislerinde garalýar. Meşhur behişdi atlara gadyr goýýanlaryň we hünärmenleriň şeýle yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny işläp taýýarlamaga ýardam berýär, anyk mazmun bilen onuň üstüni ýetirýär hem-de bilelikdäki täze taslamalar, möhüm pikirler we işewür gatnaşyklar bilen baýlaşdyrylýar.

Şu gün ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasy foruma gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny dabaraly baýramçylyk ýagdaýynda garşylady. Türkmenistanyň Baştutanynyň gelmegine garaşyp, hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky agzalary, ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýere ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Binanyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzy mejlise gatnaşyjylar garşylaýarlar. Şu ýerde foruma gatnaşyjylaryň we onuň myhmanlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti bilen surata düşmek dabarasy boldy. Soňra hemmeler myhmanhananyň mejlisler zalyna bardylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary mübärekläp, güneşli türkmen topragynda şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanynda sekizinji gezek geçirilýän forumyň öz işine başlamagy bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän ýylyň ähmiýetli wakasy bolmagyna gönükdirilen mejlisiň gün tertibini yglan edip, ahalteke atçylygyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek meselelerine seredilip geçiljekdigini, häzirki tapgyrda guramanyň öňünde durýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de degişli çözgütleriň kabul ediljekdigini belledi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilen pursadyndan bäri geçen sekiz ýylda dünýäniň çar künjeginden köp sanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar bu düzümiň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 32 döwletinden edara görnüşli we şahsy taraplaryň 137-si assosiasiýanyň agzasy bolup durýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar, bu bolsa alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, şu ýylyň çärelerine dürli ýurtlardan 300-den gowrak wekil gatnaşýar. Şol çäreleriň maksatnamasy ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlary hem-de at çapyşyklaryny, atly sport bäsleşiklerini özünde jemleýär.

Bu bolsa ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine uly hormat bilen garalýandygyna göz ýetirmäge, atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, atçylyk sportuny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän giň möçberli işler barada bilmäge oňat mümkinçilikdir.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen, dünýä ýüzünde ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça berk binýadyň düýbi tutuldy.

Biziň ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ynsan kimin duýgur, eýesine wepaly we gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler. Bu ugurda seçgi tohumçylyk işlerine hem köp zähmet siňdirildi, şol işler häzirki döwürde hem türkmen atşynaslary tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Muňa mysal edip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynda 600 baş ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň hem-de onuň çäginde atşynaslarymyz üçin ähli şertler göz öňünde tutulan ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurlandygyny görkezmek bolar. Halkara ahalteke we Aşgabat atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalaryna politrek düşegi düşelip döwrebaplaşdyryldy.

Mundan başga-da, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäklerinde ýurdumyzda atçylyk sportunyň konkur görnüşini has-da ösdürmek hem-de ussat türgenleri, şol sanda at üstündäki milli oýunlar boýunça türgenleri taýýarlamak maksady bilen, açyk manežli okuw merkezi açyldy.

Türkmen bedewleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak üçin daşary döwletlerden gelýän bedewleriň kesellerden arassadygyny kesgitlemek we olary karantin barlagyndan geçirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkezi guruldy.

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini, şeýle hem özboluşly milli sungatymyzy dünýä ýaýmakda mynasyp goşant goşýar. Dünýäniň onlarça şäherinde döredijilik iş saparlarynda bolup, sirk oýunlary boýunça abraýly halkara festiwallara gatnaşmak bilen, bu topar sport arenasynda we sirk sahnasynda behişdi bedewlerimiziň tapawutly aýratynlyklaryny görkezýärler.

Muňa mysal hökmünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýada, Italiýada, Hytaýda geçirilen halkara sirk sungaty festiwallarynda “Galkynyş” toparynyň haýran galdyryjy çykyşlaryny mysal getirdi. Şol gözden geçirişlerde biziň toparymyz baş baýraklara we altyn kuboklara hem-de tomaşaçylaryň tüýs ýürekden guwanmagyna mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabat şäherinde geçirilen V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek atçylyk sportunyň konkur görnüşi hem goşuldy. Munuň özi ahalteke bedewleriniň atly sport boýunça şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirmäge we bu ugurda ahalteke bedewlerimiziň ýokary ukybyny doly açyp görkezmäge täze mümkinçilik döretdi. Biziň türgenlerimiz ýaryşlaryň şu görnüşinde ahalteke bedewlerinde üstünlikli çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy.

Atly sporty ösdürmegiň beýleki ugurlary boýunça hem giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli hünärler boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar. Şeýle hem atşynaslarymyzyň çekýän zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryna bu hormatly atlar yzygiderli dakylýar.

Biz geljekde hem öz ykbalyny behişdi bedewlerimiz bilen baglan atşynaslarymyzyň çekýän halal zähmetine mynasyp baha bereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Behişdi ahalteke atlary” žurnalyna ýurdumyzda we dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerimiziň ösdürilip ýetişdirilişini, ahalteke bedewleri baradaky taryhy we beýleki gymmatly maglumatlary, bu ugurda atşynaslarymyzyň alyp barýan mynasyp işlerini giňişleýin beýan etmekde we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde möhüm orun berilýär. Internet ulgamynda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty hem bu düzümiň agzalarynyň, atşynaslaryň hem-de bu ugurda işleýän hünärmenleriň we bilermenleriň işini utgaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň özüniň gaýtalanmajak syn-sypaty we owadanlygy bilen bedew muşdaklaryny özüne çekip, dünýäniň döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Dünýä boýunça behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek isleýän at muşdaklarynyň sany hem ýylsaýyn artýar, türkmen atşynaslary bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň atşynaslarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke atçylygy boýunça halkara derejede özara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynda assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp, bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalandyryljakdygyna we kämilleşdiriljekdigine berk ynam bildirdi.

Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Behişdi bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk sungatynyň döremeginde diýseň bimöçber goşandy bardyr. Geljekde hem nusgalyk gözelligi özünde jemlän, milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny dowam edip, ýaş nesillerimize ýetirmegi hem-de olaryň bedewlerimize bolan söýgüsini artdyrmakda alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki forumyň ajaýyp ahalteke bedewlerini mundan beýläk-de wagyz etmäge, dünýäniň dürli künjeginde behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň arasynda özara peýdaly tejribe alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çuň mazmunly çykyşy foruma gatnaşyjylar we onuň myhmanlary tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra çykyş etmek üçin Ispaniýa Patyşalygynyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti hanym Blanka de Toledo Loma Osorio söz berildi. Myhman assosiasiýanyň agzalarynyň adyndan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Türkmenistanda her ýyl geçirilýän çärelere, şeýle hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlislerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, esaslandyrylan gününden bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolan Ispaniýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasy ahalteke atçylygy boýunça giň möçberli işleri alyp barýar, ahalteke bedewleriniň arasynda bäsleşikleri, sergileri we tomaşaçylar üçin dabaraly çäreleri yzygiderli guraýar.

Hanym Blanka de Toledo Loma Osorio hormatly Prezidentimize ýüzlenip, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň ähli döwletlerinde ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan atşynaslara ahalteke bedewleriniň dörän mekanyna gelip görmäge, ahalteke atçylygy boýunça geçirilýän ylmy maslahatlara, şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlislerine we Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy. Myhman munuň dürli ýurtlaryň atşynaslary bilen tanyşmaga we olar bilen atçylyk pudagy boýunça tejribe alyşmaga hem-de ahalteke atçylygyny has-da içgin öwrenmäge uly ýardam edýändigini belledi.

Myhman çykyşyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentini Ispaniýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ähli agzalary bilen bilelikde geljekde hem türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmana mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistanyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda atçylygyň baý tejribesiniň toplanandygyny, onuň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini aýtdy hem-de Blanka de Toledo Loma Osorionyň Ispaniýa Patyşalygynda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça çekýän ýadawsyz zähmetini aýratyn belledi. Biz onuň netijelerine ýokary baha berýäris, olar atlaryň ajaýyp tohumyny — ahalteke bedewlerini siziň ýurduňyzda giňden ýaýmaga ýardam edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Soňra Awstriýadan gelen hususy atşynas jenap Markus Mag. Hubmanna çykyş etmek üçin söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ähli agzalarynyň adyndan Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we jogapkärli işiniň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Myhmanyň nygtaýşy ýaly, türkmen bedewleri diňe Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir we assosiasiýanyň agzalary munuň şaýatlarydyr. Ýewropanyň atşynaslary ahalteke bedewleriniň owadanlygyna, ýyndamlygyna uly sarpa goýýarlar we olary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Biz ahalteke bedewleri bilen Türkmenistanda hem-de beýleki ýurtlarda geçirilýän atçylyk sergilerine we bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarys diýip, işewür türkmen atşynaslarynyň bu ajaýyp tohumy ösdürmäge uly gyzyklanmasyny belledi. Jenap Hubmann ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy hem-de duýgurlygy bilen aýratyn tapawutlanýandygyny aýtdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň baştutany hökmünde ahalteke atçylygyny halkara derejede has-da ösdürmek we behişdi ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk sözleri beýan edildi.

Myhman dünýäniň atçylygyny ösdürmek, onuň taryhyny we sungatyny hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin Aşgabatda geçirilýän maslahatlaryň möhüm ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimizi assosiasiýanyň agzalarynyň behişdi bedewleri dünýä ýaýmak, halkara derejede onuň şan-şöhratyny artdyrmak işine işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz myhmana mähirli sözleri we mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda awstriýaly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça baý tejribesine ýokary baha berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň türkmen halkynyň baý mirasyna çäksiz söýginiň we hormatyň hem-de türkmen-awstriýa dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge goşandyň mysalydygyny belläp, jenap Markus Mag. Hubmanna alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly atlary dakmak hakynda Permanlar okalýar.

Mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly maksatlar ugrunda bilelikdäki işlerinde üstünlik arzuw edip, watandaşlarymyza hem-de daşary ýurtly raýatlara sylaglary gowşurýar.

Awstriýa Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Markus Mag.Hubmann, Russiýa Federasiýasynyň “Ahalteke-inform” žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa, Wengriýanyň “Magýar-Turan Fondy” jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Andras Zsolt Biro, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Annamämmet Aşyrow, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň türgençisi Rüstem Döwletow, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň önümçilik bölüminiň atbakary Agamyrat Ýegräýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, hususy atşynaslar Ilmyrat Seidow, Gaýypnazar Kiçigulow, Döwran Myratgulyýew we Mälikguly Taýlyýew belent buýsanç hem-de uly tolgunma bilen Türkmenistanyň Baştutanynyň elinden mynasyp bolan sylaglaryny kabul edýärler.

Russiýa Federasiýasynyň “Ahalteke-inform” žurnalynyň baş redaktory hanym Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa arassa ganly ahalteke tohumyndan bolan atlary wagyz etmäge gönükdirilen zähmetine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol assosiasiýanyň ähli agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Myhman “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen belent adyň dakylmagynyň özlerini bu ulgamda döredijilikli we netijeli işlemäge has-da borçly edýändigini we ruhlandyrýandygyny aýtdy.

Hanym Ýuliýa Kuznesowa ahalteke atçylygynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly goşandyny belläp, Türkmenistanyň Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda täze, uly üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli arzuwlary üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, ahalteke bedewiniň dünýäniň ösüşine örän uly goşant goşan türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Soňra milli Liderimiz sylaglananlary gutlap, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýäde şöhratyny artdyrmak, genofondyny kämilleşdirmek boýunça yhlasly zähmetleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de hemmelere berk jan saglyk we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow indiki mejlisi geçirmegiň ýerini kesgitlemek baradaky çözgüdi kabul etmegi teklip edip, bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda 2019-njy ýylda assosiasiýanyň indiki — IX mejlisini Aşgabatda geçirmek barada yglan etdi hem-de degişli resminama gol çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu günki duşuşygyň barşynda häzirki zaman ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryna deglip geçildi, netijeli halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, şeýle hem öňdebaryjy tejribe alyşmagyň has amatly ugurlaryny gözläp tapmak üçin uly ähmiýete eýe bolan möhüm pikirler we teklipler aýdyldy. Şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň mysalynda dünýä atçylygynyň usulyýetiniň möhüm meseleleri gozgaldy.

Umuman, bularyň hemmesiniň assosiasiýamyzyň binýadynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar. Bu möhüm işde assosiasiýanyň hormatly agzalarynyň işjeň orun eýeläp, diňe öz ýurtlarynda däl, eýsem, dünýä möçberinde ahalteke atçylygyny wagyz etmäge uly goşant goşýandygy bellenildi. Şeýlelikde, şu günki wekilçilikli maslahatyň işine atçylyk boýunça meşhur bilermenler, dünýä derejeli alymlar, öz işini söýýän janköýerler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki mejlis babatda uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini belledi. Bu işiň barşynda ahalteke atçylygyna, şeýle hem bu pudakda halkara hyzmatdaşlyga degişli anyk teklipler aýdyldy. Munuň özi mejlisiň gün tertibiniň möhümdigine, oňa gatnaşyjylaryň teklip edilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga uly gyzyklanma bildirendigine şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz mejlisi taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, täze pikirleriň we başlangyçlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de hemmeleri asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şunuň bilen Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisiniň tamamlanýandygyny yglan etdi. Bu mejlis bütin dünýäde şöhratly tohum atlaryny ösdürmek, täze döwrebap şertlerde bu bilelikdäki işleriň maksatlaýyn binýadyny üpjün etmek hem-de atçylygyň we atçylyk sportunyň kemala gelýän iri halkara merkezi hökmünde Türkmenistanyň tutýan ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça ýeke-täk strategiýanyň amala aşyrylmagynda ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlary Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilýän dabaralara, şol sanda halkara sergi-ýarmarka hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

ÇEŞME: tdh.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir