Paýtagtymyzda öz gözelligi, ajaýyplygy hem-de asyllylygy boýunça taý gelmejek behişdi atlaryň hormatyna ajaýyp baýramçylyga gabatlanylan iri möçberli çäreleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýän “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly däp bolan X halkara ylmy maslahat açyldy.
Köp sanly daşary ýurtly myhmanlar — dünýä atçylygynyň hem-de Ýewropa we Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan täsin ahalteke atlaryny şöhratlandyrýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler.
Meşhur alymlar, seçgiçiler, atşynaslar, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisine gatnaşyjylar, medeniýet işgärleri ýakynda geçirilen şowhunly çäreleriň şaýatlary boldular. Şol çäreleriň maksatnamasynda her ýyl geçirilýän uzak aralyklara atly marafon hem-de Aşgabadyň açyk manežli atçylyk sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlar, şeýle hem türkmen bedewiniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça döwlet Baştutanymyz tarapyndan däbe görä yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen sungat ussatlarynyň eserleriniň sergisi bar.
Guramaçysy bolup “Türkmen atlary” döwlet birleşigi çykyş eden foruma ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmen-ippologlaryň, genetikleriň, seçgiçileriň, çapyksuwar-türgenleriň we tälimçileriň, taryhçylaryň, etnograflaryň, sungaty öwrenijileriň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 100-e golaýy gatnaşdy. Gatnaşyjy ýurtlaryň hatarynda Russiýa, ABŞ, Hytaý, Koreýa, Eýran, Wýetnam, Urugwaý we beýlekiler bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumlara gatnaşyjylara Gutlagynda bu çäreleriň «Türkmenistan–— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda daşary ýurtlaryň belli alymlarynyň, atşynaslaryň we bilermenleriň ylmy maslahata gatnaşmagynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň dünýäniň tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hökmünde halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydygy aýratyn nygtaldy.
Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçen umumy mejlisiň barşynda biziň halkymyzyň seçgiçilik sungatynyň iň beýik eserini dünýä diňe bir peşgeş bermän, eýsem, bu täsin atlaryň arassa tohumlylygyny saklap, olaryň ajaýyp häsiýetlerini we genofondyny yzygiderli kämilleşdirmegi hem başarandyklary bellenildi. Çapylýan atlary terbiýelemek sungatynyň örän uly tejribesi toplanyldy, şol atlara daşary ýurtlaryň atşynaslygynda uly üns berilýär.
Täze taryhy eýýamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde bu däpler häzirki zaman ylmy esaslarynda hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ösüşlere eýe bolýar. Naýbaşy tohumlaryň baş sanyny has-da köpeltmek, ahalteke tohumlaryny dünýäde giňden ýaýratmak we wagyz etmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzir Türkmenistan iň döwrebap derejedäki atçylyk merkezlerine eýe bolup, ol ýerlerde nesil öndürijiligi üçin hemme şertler döredildi. Milli at oýunlary hem-de atçylyk sporty ösdürilýär. Sportuň konkur ýaly görnüşi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda ägirt uly üstünlik bilen geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizildi.
Ýurdumyzyň atçylygy ösdürmek, täze taryhy eýýamda onuň gadymy şöhratly däplerini dowam etmek ahalteke bedewlerine inçelik bilen belet bolan we olara gadyr goýýan milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz bedewlere öz kitaplaryny bagyşlady. Şol kitaplar alymlaryň, pudagyň hünärmenleriniň we türkmen bedewleriniň janköýerleriniň arasynda bolşy ýaly, türkmenleriň şöhratly taryhyna hem-de baý medeni mirasyna sarpa goýýan giň toparlaryň arasynda hem örän uly okyjylyk seslenmesine eýe boldy.
Hytaýda, Gresiýada, Italiýada, gadymy eýýamyň şahyrlary, filosoflary hem-de alymlary bolan Gomeriň, Ptolemeýiň, Strabonyň, Appianyň, Ksenofontyň, Gerodotyň eserlerinde gadymy döwürlerden bäri ýyndam aýakly ahalteke bedewleri baradaky ýatlamalar duşýar. Şoňa görä-de, halkymyzyň tutuş taryhy wepaly dost hem-de ömrüň hemrasy — ahalteke bedewine bolan çäksiz söýgä şaýatlyk edýän rowaýatlardan doludyr.
Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen atlary çydamlylygyň hem-de ynsana hakyky wepadarlygynyň ajaýyp häsiýetleri bilen gözelligi we okgunlylygy boýunça aýratyn tapawutlydyr, ähli umumadamzat siwilizasiýasynyň bahasyz gymmatlygy bolup durýar.
Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek, tohum aýratynlyklaryny saklamagyň zerurlygy babatda bu ulgamda bilimleri hem-de täze ylmy gözlegleri alyşmak üçin meýdança hökmünde häzirki forumyň ähmiýeti bellenildi.
Umumy mejlisiň çäklerinde birnäçe daşary ýurtlaryň edaralarynyň we milli assosiasiýalarynyň wekillerine Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna olaryň agzalygyny tassyklaýan şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Soňra maslahata gatnaşyjylar bölümler boýunça işlerini dowam etdiler.
“Dünýä atşynaslygynda ahalteke bedewleriniň tutýan orny” diýen bölüm hünärmenleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda bolsa dürli ýurtlaryň ýöriteleşdirilen atçylyk toparlarynyň bilermenleri hem-de wekilleri “Ahalteke bedewleri halkara atçylyk sport ýaryşlarynda” diýen meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maslahatlar zaly “Atçylyk pudagyny ösdürmekde halkara hyzmatdaşlyk” diýen bölümiň geçirilen ýerine öwrüldi.
27-nji aprelde “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlar. Foruma gatnaşyjylar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli beýleki dabaralara hem gatnaşarlar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm