Berkarar  döwletimiziň bagtyýarlyk  zamanasy  toý-baýramlara, beslenip halkymyzyň  hakydasynda  şan-şöhratly uly dabaralary bilen ýatda galýan aýdyň maksatlar bilen ösüşleriň özgerşikleriň  mekanyna öwrülýär.
       Türkmeniň  uçar  ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň gadyr-gymmatyny bilýän türkmen halkymyz  owadan  kişmir  atlarynyň, ýagny asly  tohum  atlarynynyň  owadanlygy, özboluşly duýgur  häsiýetleri  bilen dünýäde  deňi-taýy  gaýtalanmaýan  nesillerini ösdürip  ýetişdirmekde, olary seýislemekde uly işleri  bitirýär. Hormatly Arkadagymyz hem Ahalteke bedewleriniň dünýä  tanalmagy üçin olara aýratyn gadyr-gymmat goýup ýurt derejesinde  uly işleri amala aşyrýar. Muňa mysal edip hut 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmen bedewleriniň baýramy mynasybetli ahal-teke  atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini  şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde neşir  önümlerinde, fotosuratlarda teleýaýlymlarda çeper beýan etmek  ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçyaryň, zergärleriniň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň dizaýnerleriň,  teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmegi bellenildi. Ýörite  resminama bilen ýokarda agzalan bäsleşikleri geçirmek boýunça  eminler toparynyň düzümi tassyklandy. Bu çärä gatnaşanlar  türkmen halkynyň öz atlaryna bolan söýgüsiniň has ýokarydygyna  göz ýetirýärler. Bu bäsleşik türkmenleriň görer gözüne deňeýän, syrdaşy, gardaşy, uçar ganaty hasaplaýan bedew atlarymyzyň  gözelligine  bolan  söygüsinden, ylham  joşgunyndan  syrylyp  çykyp, irginsiz  zähmeti, ýüreginde küräp duran söýgüsinden  kemala gelen sungat eserleriniň ençemesini döreden döredijilik  adamlarynyň  zähmetiniň ajaýyp netijesini dünýä ýaýar. 
Goý,  Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!