Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreler we “Açyk gapylar”syýasaty Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterýär. Munuň şeýledigini golaýda Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda geçirilen gepleşikler ýene bir gezek doly äşgär etdi.
Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de halkara derejeli möhüm meslelere garaldy. Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk dostlugyň, ynanyşmagyň, birek-birege hormat goýmagyň we deňhukuklylygyň nusgasydyr. Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiniň kemala getirilmegi ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, abadançylygyň dünýäniň ösen döwletlerine kybap gelýän ýokary ölçeglerine çykarmagyň ýeke-täk ýoludyr.
Häzirki döwürde ýurdumyz diňe bir özara bähbitleriň däl, tutuş sebitiň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän netijede hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan erk islegini hem görkezýär. Soňky wagtlarda amala aşyrylan bilelikdäki iri taslamalaryň birnäçesi, şol sanda sebit we ählumumy ulag üstaşyr düzüminiň möhüm bölegine öwrülýän Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň aýratyn ähmiýetli bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu demir ýol tutuş Ýewraziýa giňişliginiň ulag-aragatnaşygyna oňyn täsir etmek bilen , Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Ýakyn hem-de Orta gündogarynyň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere çykmak mümkinçiliklerini döredýär.
Iki dostlukly ýurduň geografik taýdan örän amatly ýerleşýändiklerini nazara alyp, ulag-aragatnaşyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Liderler Türkmenistan bilen Eýranyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, iki döwletiň Hazaryň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk deňzi bolmagynyň tarapdary bolup çykyş etdiler.
Türkmenistan bilen Eýranyň öňe süren başlangyçlary esasynda Hazarda dürli ugurlar boýunça kenarýaka döwletleriň bäşisiniň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän berk şertnama- hukuk binýady emele gelýär. Türkmenistanyň we Eýranyň teklipleri boýunça Hazar sebitinde giň ugurda köptaraplaýyn özara hereketiň täze gurluşlary we gurallary döredilýär. “Häzirki wagtda ýurdumyzda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurluşygy boýunça ir möçberli taslamany tamamlap barýarys” diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Munuň özi geljekde Eýranyň Hazardaky Enzeli we Neka portlary bilen suw-ulag aragatnaşygymyzy has-da ösdürer hem-de Pars aýlagynda ýerleşýän Bender- Abbas portunyň üsti bilen halkara multimodal ýük daşalyşyny köp esse artdyrmaga mümkinçilik berer.
Iki ýurt söwda ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolan ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maşyngurluşygy, durmuş desgalarynyň gurluşygy we ýeňil senagat, oba hojalygy hem-de gaytadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ugurlaryň ählisi boýunça iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin uly mümkinçilikleri bar.
Türkmen- Eýran doganlyk gatnaşyklarynyň berk we binýatlyk esaslarynyň biri hem umumy medeni-ruhy gymmatlyklardam gözbaş alýan hoşniýetli gatnaşyklarymyzdyr. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda medeni-ynasanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Döwletleriň arasynda medeni we ylmy alyşmalar ýola goýuldy, sergiler, belli sazandalaryň sapaklary, türkmen hem-de eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlary guralýar. Iki ýutda Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri, bilelikäki beýleki çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri nobatdaky medeni çäre hökmünde dostlukly halklaryň medeniýetini mundan beýläk-de özara baýlaşdyrmaga gönükdirildi.
Belent mertebeli myhman ýangyç-energetika ulgamynda gatnaşyk etmegiň hem-de onuň geljeginiň meselelerine aýratyn üns berilýändigini kesgitläp, häzir Türkmenistandan Eýrana elektirik energiýasyny ibermegiň üçünji ugrunyň açylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Munuň özi energetika pudagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Şular bilen birlikde, belent mertebeli myhman medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugry babatda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, agzalan ugurlarda tejribe alyşmagy ýola goýmak boýunça türkmen Lideriniň pikirleriniň uly ähmiýete eýedigini hem-de eýran tarapynyň olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde örän gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Türkmenistanyň hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda:
2018-2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat,ylym we bilim babtda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna;
2018-2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özra düşünişmek hakynda Ähtnama;
Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdürliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-çalyş etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Bilelikdäki Türkmen-Eýran işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama:
Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça Meýilnama;
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň arasynda sport babatda 2018-2019-njy ýyllar üçinn hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna;
“Turkmenhowaýollary” gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Raýat awiasiýasy guramasynyň arasynda howa ulagy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşary işleri ministirliginiň Halkara gatnasyklary instituty bilen
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ätnama gol çekildi.
Aşgabatda geçirilen bu ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň barha ösdüriljekdigine şaýatlyk edýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir