Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinde, goňşy dostlukly döwletimiz bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýyllaryň dowamynda hem hyzmatdaşlyk ösdi, berkedi we Türkmen-Eýran hyzmatdaşlygy netijesinde taslamalaryň birnäçesi amala-aşyryldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoly, Körpeje-Gurtguýy, Döwletabat-Sarahs-Hangeran gazgeçirjileri, ýokary woltly “Balkanabat-Aliabat” häzirki zaman elektrik geçirji ulgamy, “Dostluk” suw howdany guruldy. Шonuň ýaly hem häzirki wagtda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylan şu ýyl hem iki döwletiň jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ugurlary üçin bähbitli bolan kabul ediljek milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylan döwri bolar.