2018-nji ýylyň 25-nji marty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary günüdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda saýlaw ulgamy barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda saýlawlar demokratik esaslarda we halkara ölçeglerine laýyklykda geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmek işleriniň çäklerinde, halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň kabul edilmegi hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň halkara kadalaryna laýyklykda guramaçylykly
geçirilmegine uly ýardam berýär. Dünýäde parahatçylgy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi öňe
sürýän we merdana pederlerimiziň mukaddes watançylyk ruhuna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alýan, beýik ösüşleriň belentliklerine sary bedew batly gadam urýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň
syýasy durmuşynda dünýäde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryna we azatlyklaryny goramaga gönükdirlen demokratrik ýoluny saýlap aldy.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda ýurdumyzda beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde, saýlaw ulgamyna içgin üns berilýär. Saýlawlary halkara ölçeglerine laýyklykda geçirmekde we saýlaw ulgamyny has-da kämilleşdirmekde düýpli işler alnyp barylýar.
Türkmen jemgyýetiniň kämilliginiň, raýatlaryň syýasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýan saýlawlar ýurdumyzda halk demokratiýasynyň giňden dabaralanýandygyny hem
aýdyň görkezýär. Saýlawlar milli kanunlara we halkara kadalaryna laýyklykda, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy esasynda geçirilip, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň goraglylygy esasynda geçirilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenkistanyň Saýlaw kodeksi saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar
edilen demokratik ýörelgelerini özünde jemleýär.
Saýlawlar ýurdumyzyň ilatyna degişli bolan syýasy hukuklaryň erkin ýüze çykmasydyr, saýlawçylaryň erk-islegleriniň erkin we gzilin beýan edilmegidir, has takygy, saýlamak we saýlanmak hukugy raýatlaryň iň
esasy syýasy hukuklarynyň biridir.
2018-nji ýylyň 25-nji marty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary günüdir.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir