Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň erkana ýaşaýan bagtly raýatlary ynamly gadamlar bilen täze röwşen belentliklere barýarlar. Şol gujur-gaýrat şol ynamlar gadamlar “Türkmenistan-beýik ýüpek yolunyň ýüregi” ýylynda barha batlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň demokratik hukuk döwleti hökmündäki ösüş ýolunda toplan taryhy tejribesi hem-de kämil derejesi esasynda geçirýän Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň Geňeşleriň agzalaryň saýlawlary möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň biri bolup durýar. Milli türkmen demokratiýasynyň edil şonuň ýaly-da Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň äleme dabaralanmasy hökmünde şu ýylyň 25-nji martynda boljak bu saýlawlar halkymyzyň agzybirligini Milli Lidermiziň daşynda jebisligini saklap, saýlamakda hem saýlanmakda doly derejede erk-ygtyýarlygydygyny öz işjeňlikleri bilen dünýä jar eder. Indi esli wagt bäri uly taryhy ady göterýän dabaraly ýylymyzyň 25-nji martynda boljak saýlawlara gurmaçylyk taýýarlyk işleri giň gerimlerde bellenilen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Saýlawlar bilen baglanşykly işleriň gidişi Akdepe etrabynda-da guramaçylygy we işjeňligi bilen tapawutlanýar.
Etrabyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň saýlawlary boýunça Daşoguz welaýat halk maslahatynyň saýlawlary boýunça Akdepe etrap we şäheri boýunça 38 sany saýlaw uçastoklary döredildi. Olaryň ygtyýarlygyndaky yerleriň çäkleri anyk kesgitlendi, merkezleri bellenildi we degişli wagyz-nesihat düşündiriş beriji resminamalar bilen üpjün edildi. Bular barada ilat köpjüligi saýlawçylar öz wagtynda habardar edildi. Şu günler saýlawlara taýýarlykly we bu möhüm möwsümli ýokary işjeňlik bilen zähmet ýeňişlerine beslap garşylamakda aýgytly döwür dowam edyär. Ýokary guramaçylyk hem işjeň taýýarlyk ýagdaýynda geçirýän şu günlerki duşuşyklary has täsinliligi oňa gatnaşýan köpçüligiň syýasy sowatlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýagdaý raýatlarmyzyň geljekki ykbaly ýeneki rowaçlyklary bilen içgin gyzyklanyandygynyň subutnamasydyr. Giň halk köpçüliginiň şeýle işjeňligi, gyzyklanmasy saýlaw uçastoklarynda raýatlaryň arasynda bu uly sayýasy çäre bilen baglanşykly wagyz-nesihat işleriniň zerur bolan kada-kanunlary düşündirmek işleriniň talaba laýyk ýola goýulyandygynы habar berýär. Akdepe etrabynyň çägindäki bar bolan 38 sany saýlaw uçastoklarynyň arasynda aýratynda uçastoklary hemmetaraplaýyn ýokary guramaçylygy we işjeňligi bilen tapawutlanýar. Bu saýlaw uçastoklarynyň çägindäki wagyz-nesihatçylar jemgyýetçilik guramalarynyň wekilлeri bilen birlikde dalaşgärleriň saýlowçylar bilen duşuşuklaryny işjeň ýagdaýda ýatda galyjy edip guramagyň hötdesinden gelýärler .
“Türkmenistan-Beýik ýüpek yolunyň ýüregi” ýylynyň 25-nji marty saýlawlar güni barha golaýlap gelýar. Il-günümiz bilen birlikde Akdepe etrabynyň zähmetkeş adamlary hem öz saýlan dalaşgärlerine bir agyzdan Arkadagymyzyň halky hem dünýa derejeli tutumlarynyň rowaçlygy agzybirligi hem dost-doganlygy üçin bir agyzdan ses berip ähli ulgamlary üstünliklere beslärler.