Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik taryhymyzy öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrylan ýylymyz uly taryhy ösüşlere eýe bolýar. Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen Gündogar we Günbatary birikdiren söwda ýolunyň iki ugur günorta demirgazyk ýollary boýunça hereket eden ýurtdyr. Şeýle ajaýyp döwletde ýaşaýan her bir adam Watanymyzyň hemme taraplaýyn ösüşine uly goşant goşmaga ony ykdysady taýdan ösdürmäge Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ähli welaýatlarda bolşy ýaly biziň Lebap welaýatymyzyň gülläp ösmegi üçin birnäçe işleri amala aşyrýar. Şäherde gurlan ajaýyp ymaratlar, ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri şol sanda şäherimizde gurlup ulanmaga berlen “Lebap söwda we dynç alyş” merkezleri göwnüňi göterýär. Bu merkezde ýörite çagalar oýnar ýaly, ene-atalar dynç alar ýaly ähli mümkinçilikler döredilipdir. Lebap söwda we dynç alyş merkezinde islendik harytlary satyn almak mümkin. Şeýle söwda we dynç alyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Mundan başga-da ulanmaga berlen Türkmenabat-Farap awtomobil we demirýol köprüleri bolsa Beýik ýüpek ýolunyň täze röwüşde gaýtadan dikeldilýändiginiň subutnamasy bolup dünýä doldy. Welaýatda gurluşyk we senagat pudagyndaky şäherleriň, obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunçada birnäçe işler alyp barýar. Bu bolsa ähli halky gün kimin çoýýan ata-babalarmyzdan gelýän ýörelgelerde milletimiziň diňe bir öz ýaşaýşyny abadanlaşdyrmak bilen çäklenmän, Zemin umumy öýmüz bolsa onuň ýaşaýjylarynyň rahatlygynda eşretinde ol öz rahatlygyny, eşretini görýän beýik ynsan hökmünde bütün dünýä tanaýar.