Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim-ylym ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýurdumyzyň dünýä derejesinde ösmeginde oňyn netijeleri berýär. Häzirki wagtda bilimi, ylymy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onyň gazananlaryny netijeli ulanmak halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň guwandyryjy derejelere ýetirýändiginiň şaýadydyrys. Hormatly Arkadagymyzyň ”Türkmenistan-Beýik Ýüpek Ýolunyň ýüregi” diýip atlandyran bu ýylymyzyň 7-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde gurlan Täze zaman ýaşaýyş toplumynda ösüp gelýän ýaş nesil üçin döwrebap mekdepleriň 5-njisiniň açylyş dabarasy raýatlarymyzy diýseň şatlandyrdy. Mekdep giň hem ýagty okuw otaglary bilen üpjün edilen 3 gatly 600 okuwça niýetlenipdir. Uly hem kiçi sport zallary, sport meýdançalary, kompýuter otaglary, oýun otaglary, lukman, diş lukman otaglary, her dersiň aýratynlyklaryna görä abzallaşdyrlan okuw otaglary mekdepde bilim aljak ýaş nesillerimiziň dünýägaraýyşlarynyň giň, sowatly, bilimli, milli ruhda terbiýelenen bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalaryň neyijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk dowrü bilim ulgamyna türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň esasy hökmünde garalýan aýratyn döwürdir. Bilim, ylym ulgamynda döwrebap özgertmeleri amala aşyrmak ýurdumyzyň içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda dünýä derejesinde berilýän ylym zehin ýaşlaryň geljekde ýurdumyzy dolandyrjak adamlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän tagallalardyr. Ägirt uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt üçin amala aşyrýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!