Garaşsyz Baky Bitarap ýurdumyzda 2018-nĵi ýyl “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edildi. Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri, daşary ýurtlar bilen doganlyk-dostluk aragatnaşygyny saklaýar. Söwdada, medeniýetde-de döwletler biri-birime doganlyk kömegini berýär. Bu bolsa iki tarap üçin hem bähbitli bolup durýar. Şeýlelik-de döwletleriň ösmegine baýamagyna getirýär. Kerwen ýollar uzap gitsin alysa, Alys ýoldan, bize kerwenler gelsin, Şan-şöhratly, at-abraýly watanym, At-abraýyň has hem belende galsyn. Şol döwürler, Parfiýa patyşalary hem halkara söwdasynda uly üns beripdirler. Ähli ýollaryň geçýän ýerlerini görkezýän ýörite kitapçalar düzüpdirler. Täĵirleriň kerwenlerini goramak üçin ýörite harbylardan gözegçi toparlar döredip, hytaý söwdagärleriniň harytlaryny satyn alyp günbatara kerwenler bilen ugradypdyrlar.