Saglyk ýoly 2000-nji ÿylyñ 2-nji ýanwarynda Türkmenistanyñ ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyñ gatnaşmagynda dabaraly ýagdayda açylyp ulanmaga berildi. Saparmyrat Nyýazow saglyk ýoluny hödürlenen kömege ýagny ýoluñ ýarty bölegini dik uçarda geçmek teklibine garamazdan ilkinji bolup saglyk ýoluny pyýada geçdi we saglyk ýoluny ýene-de 28 km çenli uzaltmaly diýip tabşyrdy. Şondan soñ hem saglyk ýoluna "Serdaryñ saglyk ýoly" diýip at goýuldy.

Saglyk ýolunyñ gurluşygy 1998-nji ýylda başlanyp 2000-nji ýylda tamamlanýar. Onuñ ini 5 metr bolup her 12 metrden ýagtylandyryş yşyklary goýulandyr. Saglyk ÿolunyñ iñ beÿik nokady deñiz derejesinden 1000 metr beýiklikde ýerleşýändir. Bu ýerde ýylyñ ähli paslynda hem gezekenç etmäge mümkünçilik bar.

2012-nji ýylda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyñ tabşyrygy bilen saglyk ýolunda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi.

Saglyk ýoly ýurdumyzyñ gözel künjekleriniñ biri bolup ol Köpetdagyñ ajaýyplyklary bilen utgaşyp gidýär. Saglyk ýolunyñ çäklerinde raýatlaryñ we ýurdumuza gelýän daşary ýurt syýahatçylarynyñ ýakymly, ajaýyp dag howasynyñ astynda dynç almaklary üçin seýilgäh hem bardyr.

Taÿÿarlan: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýokary okuw jaýynyň talyby Begsoltan Saparowa.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir