Türkmenistanyñ çäginde-yklymyñ möhüm söwda ýollarynyñ çatrygynda halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniñ kuwwatly binýady döredilýär. Muña polat we awtomobil ýollarynyñ giñ ulgamynyñ gurulmagyny alamatlandyrýan müñlerçe kilometrik ýollaryñ taslamalary, ozal bar bolan deñiz we howa menzilleriniñ döwrebaplaşdyrylmagy hem-de täzeleriniñ gurulmagy aýdyñ şaýatlyk edýär. Türkmenistanyñ ulag ulgamyndaky esasy ugry hökmünde täze geoykdysady giñisligiñ arhitekturasynyñ binýadyny döretmekde Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deñiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän ugur bolup durýar. Biziñ ýurdumyzyñ gurýan dostluk we hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara we sebit düzümleriniñ çäklerinde hem özara gatnasyklary berkitmäge ýardam edýär. Türkmenistanyñ isjeñ gatnasmagynda gurulýan täze ýollar Ýewraziýa yklymynyñ uly giñisliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde biziñ sebitimiziñ ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyñ halkara ulag yollarynyñ srategik taýdan möhüm çatrygynda ýerleşip we ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolup, iri möçberli taslamalaryñ ençemesini isjeñ ilerledýär. Şol taslamalaryñ arasynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýoluna – Ýewraziýa yklymynyñ geljegine alyp barýan beýik “polat ýola” aýratyn ähmiýet berilýär. Bu halkara ulag geçelgesi Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Yakyn we Orta Gündogara ýükleriñ has amatly hem-de ykdysady taýdan bähbitli ýol bilen daşalmagyny üpjün eder. Onuñ “Gündogar-Günbatar” ulag ulgamy, ýagny Hazaryñ üstünden geçýän Hytaý-Orta Aziýa-Kawkaz-Ýewropa yklymara ugry bilen birleşdirilip bilinjekdigini nazara almak bilen, onuñ işe girizilmegi örän wajypdyr. Ýene-de bir giñ gerimli taslama – Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyñ gurlusygyna sebitdäki gury ýerde ýerleşýän döwletleri iri halkara bazarlaryna çykarmak bilen baglylykda garalýar. Häzirki wagtda türkmen demirýol gurlusykçylary Mary welaýatynyñ serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedinden Owganystanyñ Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça isleri alyp barýarlar. Ulag ulgamynda Türkmenistanyñ öñe sürýän oñyn teklipleri dünýä bileleşiginiñ giñ goldawyna eýe bolýar. BMG-nyñ Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaslygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniñ orny” atly Rezolýusiýanyñ kabul edilmegi munuñ nobatdaky subutnamasydyr. BMG-niñ agza ýurtlarynyñ 66-synyñ awtordaş bolup, çykyş eden bu resminamanyñ düzgünlerinde 2014-nji ýylyñ sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen ýokary derejedäki Halkara maslahatynyñ jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jarnamasynyñ ulag we üstaşyr düzümlerini ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmegi kemala getirmegi göz öñünde tutýan esasy ugurlary beýan edilýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyñ Hökümetiniñ we Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) arasynda Türkmenistanyñ çägi bilen, Ýewraziýa awtoulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekildi, şeýle hem Özbegistan- Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça dört taraplaýyn duşuşyk geçerildi. Hoşnyýetli goñşuçylyk hyzmatdaslygynyñ aýdyñ nyşanlarynyñ biri bolan bu aýratyn ähmiýetli taslamalaryñ durmuşa geçirilmeginiñ sebitiñ ýurtlarynyñ ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagyna ýardam etjekdigi, sebitiñ köp şahaly ulag ulgamyny ösdürmäge we onuñ halkara ulag-kommunikasiýa düzümine netijeli goşulyşmak üçin şertleri döretmäge umumy goşant boljakdygy şübhesizdir.