Hormatly Prezidentimiz Türkmen paýtagtyny döwrebap özgertmek barada yzygiderli alada etmek bilen, ýurdumyzyň sebitlerininiň, welaýat merkezleriniň hem ösmegi, täze we görkana keşbe beslenmegi baradaky meseläni üns merkezinde saklaýar. Hut şunuň esasynda Lebap welaýatynyň merkezi – Türkmenabat şäheri-de bezemen binalary, gür bagy-bossanlygy we aýna ýaly tekiz, arassa köçeleri bilen günsaýyn durkuny özgerdýär. Häzirki dowam edýän gyş paslyna seretmezden, Türkmenabadyň köçelerine, medeni-köpçülik ýerlerine gezelenç etmegiň özboluşly lezzeti bar. Kaşaň binalar, taryhy şahslarymyzyň edermenligini, nusgalyk durmuşyny açyp görkezýän ýadygärlikler, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň düýli özgerişliklerini alamatlandyrýan monumentler, gyşyn-ýazyn ýaşyl reňke beslenen daragtlar, naşyja güller şäheriň görküne görk goşmak bilen, onuň ýaşaýjylarynyň hem, myhmalarynyň hem kalbyna nur çaýyp, ruhy dünýälerini gözelleşdirýär. Şäherimize aýratyn bezeg berýän ýadygärlik ýazgyly monumentleriň gurluşygynyň häzirki günlerde hem ýakyn günlerde işe giriziljek welaýat köpugurly hassahanasynyň çatrygynda, şeýle-de Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat ― Farap awtomobil we demirýol köprüleriniň ýanynda dowam edýändigi ýaşaýjylarda uly buýsanç döredýär. Amyderýanyň üstünden gurlan Türkmenabat ― Farap awtomobil we demirýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň gurluşyk işlerine geçen ýylyň noýabr aýynda başlanyldy we 2018-nji ýylyň martynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Desganyň baş potratçysy Türkmenabadyň 2-nji gurluşyk-gurnama otlusy, kömekçi potratçysy bolsa häzirki wagtda Türkmenabadyň halkara howa menziliniň gurluşygyny alyp barýan «Gündogdy» hususy kärhanasydyr. Monumenti gurmak üçin goşa köprä barýan köp gatnawly awtomobil ýollaryň çatrygynyň, aýlaw görnüşli ýer böleginiň saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Gurluşykçylar tarapyndan gysga wagtda 1,1 gektar ýer böleginiň ortasynda beýikligi 40 metre barabar bolan ajaýyp monument bina edilýär. Ol ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümindäki demirýol, awtoulag, howa we suw ulaglaryny, aragatnaşyk pudagyny alamatlandyrýan, aşakdan ýokarlygyna uzaýan şekillerden we monumentiň ýokarsynda «Türkmenhowaýollary» gullugynyň nyşany bolan laçynyň şekili ýerleşdirilen ýer togalagynyň şekilinden ybarat bolar. Monumentiň eteginde ýüzüne ýadygärlik ýazgy ýazylan sekizburçly granit daş oturdylar. Monumetiň daş-töwereginde oňa eltýän ýodalar gurlar, amatly oturgyçlar goýlar, owadan çyralar oturdylar. Ekiljek agaç nahallary we owadan güller bu ýere gaýtalanmajak gözellik paýlar. Bu monument Türkmenistanyň ösüşleriň ýoly bilen okgunly öňe barýandygynyň, dünýä döwletleri üçin açykdygynyň, ýer ýüzüniň halklary bilen ysnyşykly gatnaşyklary giňden ýola goýýandygynyň çeper beýanyna öwrüler.