Hormatly Prezidentimiziň hossarlyk aladalary netijesinde hiç kim ünsden düşürilenok. Her bir adam uly alada bilen gurşalyp alynýar. Türkmenabat şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde — «Bahar» etrapçasynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň alkymynda durmuş goraglylygyna mätäç bolan mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin 48 öýli dört gatly jaýyň ulanylmaga berilmegi hem ynsanperwer işleriň nusgasy boldy. Mümkinçilikleri çäkli bolan raýatlar hem döwletimiziň özleri baradaky edýän aladalaryny içgin duýýarlar. Täze gurlan, häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine goldanýan anyklaýyş-bejeriş, ylmy-kliniki merkezler, hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar halkyň saglygyny goramakda öz paýyna düşýän wezipeleri abraý bilen amal edýärler. Mümkinçilikleri çäkli bolan raýatlar hem olaryň hyzmatyndan ýeňillikli bolan şertlerde peýdalanyp bilýärler. Mundan daşary bu raýatlara döwletiň kömek pullary yzygiderli berlip durulýar. Döwletimiziň ynsanperwerlik ýörelgesine eýerýän syýasaty kynçylykly pursatlarda adama dürli taraplaýyn goldawyň berilmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolyp durýandygy aýratyn nygtalýar. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Döwlet bu üstüne alýan wezipesini ýerine ýetirmek üçin köptaraplaýyn çäreleri meýilleşdirýär, dürli möhletleri öz içine alýan maksatnamalary durmuşa geçirýär. Mümkinçilikleri çäkli bolan raýatlar üçin amatly ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin niýetlenilen ýaşaýyş jaýynda mümkinçilikleri çäkli raýatlaryň arabajyklarda ýokary galmaklary üçin basgançaklaryň ýanynda goşmaça tekiz ýanýodalar gurlupdyr. Bir we iki, üç otagly öýler mebel bilen üpjün edildi. Aşhanada we girelgede ýörite mebeller, kir ýuwýan we gap-gaç ýuwýan enjamlar, dürli-dümen bişirmek üçin häzirkizaman peçleri goýuldy. Her öýde suw ýylatmak üçin döwrebap suw gyzdyryjylaryň 2-si gurnaldy. Öýleriň ýaşaýjylary elektrik plitalaryny ulanýarlar. Binanyň öňünde hem ýaşaýjylaryň dynç almaklary, çagalaryň oýnamaklary, dürli dabaralary geçirmekleri, ulaglary goýmak üçin döwrebaplaşdyrylan meýdançalar guruldy. Öý eýeleriniň Ýurt baştutanymyza aýdýan alkyş sözlerini diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Olar milli Liderimiziň badalga beren ajaýyp zamanasyna, döredýän giň mümkinçiliklerine çäksiz buýsanýandyklaryny öwran-öwran belleýärler.