2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmegi beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly maglumatlary öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi. Şu babatda milli Liderimiziň “ Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň gymmatly çeşmedigni nygtamak isleýäris. “Türkmenistanyň – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly milli baýlygmyzy, edebi hazynamyzyň naýbaşy nusgalaryny özünde jemleýän ajaýyp kitapdyr. Bu kitapda milli dessurlaryň çuňňur mazmuny, halk paýhasynyň ägirt uly toplumy öz beýanyny tapýar. Prezidentimiziň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medenýetiniň özboluşlygy, däp – dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Beýik Ýüpek ýoly biziň eýýamymyzyň birinji müäýyllygynda Gündogar we Günbatar arasynda söwda we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýoly bolup hyzmat edipdir. Bu ýoluň halklaryň arasyndaky, dürli ugurlardaky syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolupdyr. Bu ýol gadymy medenýetiň gazanan üstünlikleriniň biri hasap edilýär. Ol adamzadyň taryhynda ilkinji gezek Ýewropadan başlap, Hytaýa çenli aralykdaky ägirt uly giňişlikde halklaryň özara birleşmegine we dürli ugurda hyzmatdaşlyk etmegine giň ýol açypdyr. Bu aragatnaşyk merkezi Aziýanyň, hususan-da Türkmenistanyň üsti bilen ýola goýlupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Gürgenç, Şähristan, Nusaý, Merw, Sarahs, Abuwerd, Dehistan we Amul ýaly şäherler esasy orny eýeläpdir. Beýik Ýüpek ýoly daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň giňelmegine, şäheriň hünärmençiligniň, ylmyň we medenýetiň ösmegine örän uly itergi beripdir. Häzirki döwürde Ýurdumyzda öndürilýän we dünýä bazarynda uly isleg bilidirlýän harytlar we önümler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen alysdaky ýollara we yklymlara iberilýär. Bu ýol Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady taýdan has amatly ugry üpjün etmäge, ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini özleşdirmäge döwletimiziň ähli milli maksatnamalaryny has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam eder. “ Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylda ösüp gelýän ýaş nesle merdana halkymyzyň Beýik Ýüpek ýoly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan şöhratly taryhy, ata-babalarymyzyň halklaryň arasyndaky söwda, medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak barada bitiren ajaýyp işleri hakda täze bilimleri öwretmekde, ýaş nesilde milli taryhymyza, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, däp – dessurlarymyza guwanjy we buýsanjy terbiýelemekde bilim işgärleriniň öňünde uly we jogapkärli wezipeler durýar. Milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syhatçylyk we gezelenç saparlaryny guramagyň, şeýle aň-bilim işlerini ozaly bilen ýaşlaryň arasynda geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sporty, bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge, halkymyzyň milli mirasy bilen tanyşdyrmaga täze çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna ünsi çekip, öwreniş syýahatçylygyna, diňe hereketli oýunlary däl-de, eýsem medeni düzümi hem öz içine alýan dürli sport çärelerini birleşdirmegiň dogry boljakdygyny nygtap geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek, olary milli ýörelgeler hem-de umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, zerur durmuş başarnyklaryny kemala getirmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek möhümdir. Ýaş nesle berilýän bilim we terbiýäniň many mazmunyny baýlaşdyrmak we ulgamlaşdyrmak , çagalarda has irki döwürlerden başlap, eziz Watanymyza söýgi, ululara hormat goýmak, päk ýüreklilik, zähmetsöýerlik, edermenlik ýaly ajaýyp sypatlary ösdürmek uly ähmiýete eýedir. Bu ajaýyplyklar ýaş nesliň kalbynda ata Watanymyza bolan çuňňur buýsanç duýgusyny oýarýar.