Täze taryhy eýýamyň ýyllary içinde Gahryman Prezidentimiziň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Döwletimiziň BMG we beýleki iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň täze belentliklere çykmagyna itergi berýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen Rezolýusiýa ýokarda ýatlanymyzy dolulygyna subut edýär. “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly bu Rezolýusiýa döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli tutumlarynyň bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny äşgär edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan kabul eden bu täze Rezolýusiýasyna dünýäniň 74 döwletiniň awtordaş hökmünde çykyş edendigini ýatlamagam buýsanç duýgusyny döredýär. şu möhüm resminama “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda ulag ulgamynyň durnukly ösüşini gazanmakda we giňeltmekde tutumly işlere ýardam eder.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir