Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, rowaçlyklara beslenýän täze taryhy eýýamyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz ösüşleriň belent basgançaklaryna çykýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bady artýan düýpli özgertmeler oňyn netijelerini berýär. şeýle öňegidişlikler ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda has-da aýdyňlygy bilen duýulýar. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm pudagy ösdürmäge iňňän uly ähmiýet berýär. Bu tötänden däldir. Sebäbi elektroenergetika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy beýleki pudaklaryňam durnukly öňe gitmegine giň mümkinçilikleri açýar. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarymyzda elektroenergetika pudagynyň kuwwaty artdyrylýar. Häzirki zaman kämil tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap elektrik stansiýalary gurlup, ulanmaga berilýär. Öňden bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň durky täzelenýär. Öňdebaryjy, ykdysady taýdan tygşytly we ekologiki taýdan arassa önümçilikli iň täze tehnologiki enjamlar ornaşdyrylýar. Mary DES-iniň çäginde gurlup, işe girizilen täze elektrik stansiýasam, gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýan has ýokary öndürijilikli ýene bir elektrik stansiýasam ýokarda ýatlanlarymyza aýdyň mysaldyr. Bularyň hemmesi elektrik energiýasynyň öndürilişiniň has ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir