Bir maşgalada, ekizek çaga dünýä inýär. Aradan, üç-dört ýyl geçenden soň, ýaňky çagalaň atasy, aýalyna:" Çagalarmyzam ulaldy, gel şular üçin ýakyn-garyndaşlary çagyryp toý bereli!" Muňada aýaly razy bolýa. Bular, toý berýärler. Hemme şatlanyp, begenip, tans oýnap ýördi. Şol wagt aýaly, ärine: "Çagalar görnenok, gözläp göräýiň" diýýär. Ol adamam hemme ýeri gözleýär, ýöne tapmaýar. Gel hany şu üçegem gözläp göreýin, belki şol ýerde oýnap ýörendir, diýip ol adam çykyp görse, çagalary şol ýerde, oýnap oturan ýerinde ölip galypdyrlar. Onsoň, bu adam aýalynyň ýanyna baryp, ýuwaşlyk bilen aýalynyň gulagyna çagalarnyň şeýle ölip galanyny, ýöne gelen myhmanlara bildirmezligi, aglamazlygy aýtýar. Çagalary myhmanlar giden-den soň düşirip alarys diýýär. Şu wagt myhmanlaň şatlygyn pozmaly diýip, aýtýar. Myhmanlar şatlanyp, içeni-içip gidýärler, göwünleri hoş bolup. Onsoň ýaňky adam, çagalary düşürmek üçin üçege çykyp görse, çaglary şol ýerde oýnap otyrlar. Muny gören adam, begenjinden ýaňa uçaýjak bolýar. Şol wagt ýokardan ses gelýär: "Ýaňy seň çagalaň ölipdi. Emma seň gowy adamlygyň we hat-da çagalaň ölen bolsada, gelen myhmanlaň göwnin ýykmajak bolup, bildirmänligiň üçin, seň çagalaňa täzeden jan berildi". Herkim many çykarsyn. Çeşme: ertir.tk