Türkmeniň silkme telpegi toýlarymyzyň ýaraşygy Ak telpek ýaşuly neslimiziň buýsançly başyna gelşik berse, ýaş ýigitleriň görk-görmegini artdyrýar. Adam eli bilen eýlenip, ýumşadylyp, arassalanyp, ýüzi gyrlyp biçime taýýarlanan derleri eliňe alsaň, onuň ýumşaklygy, ýakymlylygy, berkligi mese mälim duýulýar. Eýlenen derleriniň ýumşak düşek hökmünde törleri bezeýändigi, içmekdir çäkmenleriň, petekdir dolaklaryň hem uly höwes bilen satyn alynýandygy aýratyn bellärliklidir. Ýörite ülňüler arkaly, dürli ölçeglerde biçilen derileri göze gelüwli tikmek hem aýratyn başarnygy talap edýär. Telpekleriň gelşikli bolmagy üçin onuň tikiminiň ýerine düşmegi zerurdyr. Toýdyr-tomaşalarda başy ak telpekli ýaşlaryň türkmeniň bagtyýarlygyny dabaralandyryp, şowhunly oýnaýan tanslarynyň özüne çekijiligini artdyrýan, milli buýsanjymyz bolan telpekler ýaşuly nesillerimiziň hormat goýup gelýän baş gabydyr. Mukaddesliklere bolan sarpa biziň halkymyzyň gursagyna edebilik guýlandyr. Hut şunuň üçin hem başy silkme telpekli türkmen gojalary her bir şäheriň, obanyň, syrgynyň, öýüň-toýuň, kalbyň bezegleridir. Türkmen telpegini geýen adam diňe owadan, gelşikli bolmak bilen çäklenmän, ol juda köp borjy öz üstüne alýar. Ýagny türkmen telpegini geýeniňden soň, oňa mynasyp bolmaly. Munuň özi mert, halal, gaýduwsyz, bir sözli, geçirimli, paýhasly, namys-arly, adalatly, wepaly, belent ruhly diýmekdir.