"Tramadol" derman serişdesiniň düzüminde tramadolyň gidrohloridi bolup, bu derman serişdesi "alkogoliki" kesellerinde agyryny aýyryjy hökmünde ulanylýar. Bu derman serişdesi bimaksat ulanylanda adam bedeninde şu aşakdaky keseller emele gelýär. Az mukdarda ulanylanda: (45-50 mg.): - Adam organizminde allergiýa döreýär; - Aşgazan keselleri yüze çykýar: - Baş aýlanma we ýürek bulanma emele gelýär. Yzygiderli ulanylanda: - Özüne garaşly edýär; - Garaguş keseliniň döremegine getirýär; - Bagyr we böwrek ýetmezçiligini emele getirýär; - Önelgesizlik döredýär. Şonuň üçin geliň talyplar.com-ynyň agzalary we ähli ildeşlerimiz bolup, öz bedenimizi bejergisi kyn bolan kesellerden, sagdyn nesiliň döremegine ters täsir edýän endiklerden goramak maksady bilen bu ýagynyň garşysyna jemgyýet bolup göreşeliň!