Şabram, şelpe, gyruw we ş. m. dürli kakuwlar bilen çalynýan iki kirişli türkmen halk saz guraly. Ol “tamdyra” diýlip hem atlandyrylýar. Bu senediň susak şekilli kädisi tut, hoz, erik ýaly berk agaçlardan köwlüp ýasalýar. Dutaryň kädisine erik agajyndan ýasalan 45—50 sm uzynlykdaky sap oturdylýar we onda dürli ses berýän 13 sany perde hem-de kirişleriň düzülişini üýtgedip durar ýaly 2 sany gulak ýerleşdirilýär. Onuň kirişleri kwarta düzülýär we diapazony bolsa «mi»—kiçi oktawadan, «do»—ikinji oktawa çenli aralykda bolýar. Ol keplenç ýekelikde çalynmak hem-de toýlarda bagşynyň ýanynda sazandalyk etmek üçin niýetlenendir. Bu saz guraly Orta Aziýa we başga käbir doganlyk halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr. Ýöne onuň ýasalyşynda, perdeleriň ölçeg sanynda we ş.m.-de her bir halkyň milli öwüşginini alamatlandyrýan tapawutlar bar. Döreýiş taryhy boýunça ol has gadymy döwürlere aralaşýar. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde dutar has kämilleşdirildi, onuň dürli tembrli görnüşleri oýlanyp tapyldy. Indi onuň öňki çig ýüpekden işilýän kirşi güýçli ses berýän inçe hem örän suwly metal sim bilen çalşyryldy. Bu senediň kämilleşdirilmeginde hem-de ösdürilmeginde Mämmetmyrat ussa, Pürli ussa, Geldi Ugurlyýew we başgalar öz döredijilik ussatlyklaryny görkezen ussalardyr. Aly bagşy, Garaoglan, Garadäli gökleň, Gulgeldi sazanda, Gönübeg, Kel bagşy, Şükür bagşy, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow ýaly görnükli bagşy-sazandalar bu jadyly senet bilen halkyň asyrlar boýy döreden edebi miraslaryny, saz eserlerini timarlap, biziň günlerimize çenli ýetirip gelen sungat ussatlarydyr. Gündogara syýahat eden Ýewropa hem-de rus alymlarynyň ençemesi bu näzik owazly saz guralynyň özboluşlu aýratynlygy, onuň güýji, gudraty hakynda täsirli ýazgylar galdyrypdyrlar. Türkmen milli saz sungtynyň kämilleşmegi bilen dutaryň saz sungatynda ulanylyş gerimi has-da artdyryldy, dürli ýerlerde dutarçylar ansamblary, orkestrler döredildi. Çeşme: Türkmen Sowet Ensiklopediýasy

Köneler, Ashykaydynpir tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir