Saňa Sen maňa her gezek:,, Hoş gal! ''diýeňde Ýüregim agaçda ýapraklar deýin, Saralar, soň bolsa güýzdäki ýaly Agaçdan zemine gaçar, ezizim! Ýöne ýürek bolup gaçan ýapraklaň Her düýbünden müňläp ýüregim öner, Topraga kök uran sansyz ýüreklem Zeminiň gursagna sygmazdy meger. Bir gün synag üçin ýürekden sogrup, Söýgimi zeminiň gerdenne atdym. Kiçijek gursagmyň göterýän ýükün Zeminiň ullakan ýüregne çatdym. Goja zemin başyn ýaýkap çalaja, Diýdi:,,Ýigit, näçe mert bolsamda men, Arkamda dag-düzi göterýän welin, Bir gulaç söýgiňi göterip bilmen''. Ine şeýdip göz ýetirdim bir zada, Bildim mukaddes, päk söýgiň çenini: Zemine ýerleşip bilmedik söýgim Darajyk gursagma ýerleşip bildi. Şoň üçinem, ine, şu gün bereli Bir-birege söýgimiziň wadasyn: Sen-ä maňa :,,Hoş gal!''diýme, ezizim, Meň ýüregmem ýaprak bolup gaçmasyn.