Eneme Aglap-eňräp, uly dünýä gelemde, Ene mähri bilen diňdirdiň meni. Dilsizdim, derdimi gözümden aňlap, Halal ak süýt bilen emdirdiň meni. Ine, indi başym aman, janym sag, Uzadan ýerime ýetip dur elim. Ýöne şol gazanan ýüz müň zadymyň Togsan dokuz müňün sen berdiň, enem! Ak gar büräninde ýeriň ýüzüni, Çapgyn şemal eger doňdursa tenim, Derdimiň dermanyn daşdan gözlemen, Derdimiň dermany-seň mähriň, enem. Ýazda ýaz şemaly öwsüp bir ýana, Ykjatsa al başly güläleklerin, Ýaz ýaza meňzemez, gül bolsa güle, Gelmese olara seň rehmiň, enem. Uzak menzillere gadam basamda Kalbymda öçmejek dileg bar, enem: Goý, sen-ä uýansyz ata atlanma, Şol atyň aýagy bolmaýyn menem!