2004-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek türkmen radiosynyň gapysyndan ätläpdim. Çagalykda arzuw eden kärimde işe başlamak bagtynyň täsirinden çykyp bilmän, tolgunyp durşum häzirem ýadymda.
Meni radionyň edebi “Ylham” bölüminiň otagyna alyp bardylar, işgärler bilen tanyşdyrdylar. Şol wagt bölüm müdiri Ýazjemal Annaýewanyň ýanynda ýaşuly adam otyrdy. Gapydan girenimden onuň mähirli keşbi, salyhatlylygy özüne çekdi.
– Ine, bu bolsa, biziň hemmämiziň halypamyz Baýram Geldimyradow! – diýip, görkezdiler.
Adyny günde telim öwre eşidip ýörenem bolsam, onuň özüni birinji sapar görýärdim. Diňe bir biziň däl, eýsem, biziň ene-atalarymyzyň çagalyk döwründe-de halkyň söýgüsine mynasyp bolup gelen, mahmal sesli bu nurana adam bilen tanyş bolan pursadym, dogrusy, dil bilen beýan ederden has tolgundyryjydy.
Işe girip, birek-birek bilen ýakyndan tanyşlyk açanymyzdan soň, halypanyň köp häsiýetlerine belet bolup ugradym. Asyl Baýram Geldimyradow diñe bir daşky keşbi boýunça mylakatly, sypaýy bolman, eýsem, işine jogapkärli garamagy, ýokary ukyplylygy bilen tapawutlanýar ekeni. Öýi edaramyzyň golaýragynda bolansoň, işe pyýada gelip giderdi. Her günki gelýän gazetdir žurnallaram sypdyrman okap çykardy. Öwretmegi kyn görmezdi. Bir zat sorasaň, monça bolup, begenerdi, jikme-jik düşundirerdi.
“Diktor boljak bolsaň eliňden galamyň düşmesin. Berlen tekstleri öňünden seljerip, öwrenip, onsoň studiýa girmelidir” diýip, bize köp ýatladardy. Bir gezek men: “Baýram aga, hökman galam bolmaly? Ruçka ulansak bolmaýarmy?” diýip soradym. Ol: “Galam ulansaň, okaýan tekstleriňe eden bellikleriňi bozup bolýar, şonuň üçinem galam diktor üçin hemişe amatly bolýandyr” diýip jogap berdi.
Mahmal owazly diktor Baýram Geldimyradowyň ümsüm, sypaýy bolşy, şo bir wagtyň özünde-de işine örän berk ýapyşyp, kemsiz-köstsüz, gepsiz-gürrüňsiz işleýişi bize görelde alarlykdy. Ol hatda ýörän mahaly hem aýagynyñ sesini eşitmersiň. Bir-ä gapyny kakyp, salam berip girenini görersiň, birem: “Sag boluň onda, men-ä, ýöredim” diýenini eşidersiň. Studiýa giren mahaly bar ünsüni okaýan tekstine gönükdirip, ähli diňleýjini imrikdirip bilşem, onuň ussatlgyndan nyşandy.
Ýaşlygyndan türkmen radiosy bilen bagry badaşan Baýram Geldimyradow köne radio işgärleri we şol döwürlerde taýýarlanýan gepleşikler barada uçursyz köp zat bilýärdi. Biziň gyzyklanyp soraýan zatlarymyzy hezil edip gürrüň bererdi.
– Işe ýaňy başlan döwürlerimdi – diýip, bir gezek halypa geçmişi ýatlap gürrüň berdi. – O wagtlar näme, häzirki ýaly ösen tehnika barmy? Her gün irdenki konserti göni ýaýlymda berýärdik. Sazy ýazyp alyp galmak üçin hiç-hili enjam ýokdy. Sazandalaryň her gün biri gelip, göni ýaýlymda saz çalardy. Bizem her saz gutarandan soň, yzyndan sazandanyň çaljak indiki sazynyň adyny okamaly bolýarys. Bir gezegem meşhur sazanda Mylly aga Täçmyradow “Humaralany” çalyp gutaran dessine indiki sazyň adyny okamaga howlukdym-da, onam yglan etdim goýberdim. Mylly aga bir sagada çeken konsertden soň, studiýada maňa şeýle sözleri aýtdy: “Oglum, saz çalynyp gutaran badyna, indiki sazy yglan etmäge hiç gyssanmagyn. Sebäbi saz gutaranam bolsa, onuň owazy şu jaýyň içinden wagty bilen çykýan däldir. Birsalym ýaňlanyp durýandyr, diň salsaň, özüňem aňarsyñ. Türkmen dutarynyň gudraty diýerler muňa. Goý, ol gutaransoň hem biraz owazy gidýänçä ýaňlansyn dursun. Şo ýaňyň gutaranyny duýanyňdan soň okabermelidir”. Şo gezek Mylly aga hak aýdypdy. Türkmen sazlaryny göni ýaýlymda soň-soňlaram telim ýyllap halka ýetirdik. Türkmen sazlary gutarandan soňam, gulakda-da, jaýyň içinde-de ýaňlanar durardy.
Onçakly geplemsek bolmasa-da, şeýle gyzykly gürrüňleri Baýram Geldimyradowdan aram-aram eşitmek bolýardy. Radionyň jogapkärli hem hysyrdyly işinde halypadan öwrenen zatlarymyz az-küş däl. Ol mekdepdi. Görelde alarlyk şahsdy. Sözüň doly manysynda halypady.
Ömrüniñ soňky ýyllarynda-da ol gol gowşuryp oturmady. Radio hemişe onuň gapdalynda açyk durandyr. Kim haýsy sözi nähili aýdýar, üns bilen diňläp oturandyr. Eger bir sözi nädogry ulanaýsaň, ýa kiçijik säwlik goýberäýseň, bellijek eder-de, ertesi hökman özüňe aýdar. “Sen düýn sagat pylançada, pylan gepleşikde pylan zat hakda okadyň. Şonda, ynha, şu sözi şeýle aýtdyň” diýip, telefonda gepleşip durandygyna-da ençeme gezek şaýat boldum.
Garaşsyz, berkarar ýurdumyzda çeken zähmetiňe, eden azabyňa mynasyp baha berilýär. Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna, hormatly atlaryna eýe bolan Baýram Geldimyradowa türkmen radiosynda biregne, uzak ýyllar döredijilikli çeken zähmeti üçin Türkmenistanyň halk artisti diýen belent at hem dakyldy.
2014-nji ýylda segsen bäş ýaşy arka atyp, dünýeden gaýdan halypamyza bolan sylag-hormatymyz hemişe beýikdir we bakydyr...
Bägül Kakalyýewa