Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Köpden bäri täze mowzuk açmandym. Men kämahal nebsime ýeňilýärin. Nebsiň bolsa iň oňat dostlaryndan biri şeýtan, elbetde, bu ýagdaýa görä üýtgäp bilýär, men umumy manyda aýdýaryn. Eger ikisi özara düşünişäýseler, onda säwlikler we günäler zynjyry başlap bilýär. Ynha, mende-de şolaryn ikisi hem aram-aram emele gelyar. Nebsiň hatalara sebäp bolýany babatda Enbiýa süresinde(oydyan) pygamber sözi bilen şeýle diýilýärdi: “Men nebsimi aklamaryn. Cunki ol hemishe erbetligi islar. Biribaryn dilemegi munyn dashynda!(Hz.Yusup)”. Şeýtanyň bet pygyly barada bolsa, ýene-de Gurhanda şeýle beýan edilýär: “Iblis sheyle diydi: Sheyle bolsa, meni azdyranyn ucin, and icyan, men hem olary yoldan cykarmak ucin,Senin dogry yolun ustune oturjak!” Hawa, ynsan gaharyna bäs gelip bilmese, onda öz nebsiniň guly bolar we jylawyny oňa tutdyrar. Şu ýagdaýda hadysda beýan edilişi ýaly: “Gazap sheytandandyr, kim gaharlansa gitsin tamizlensin/yuwunsyn!(ayakda bolsa otursyn, dik duran bolsa otursyn we sh.m.)” etmek gerek. Gurhanda aýat halynda şeýle diýilýär: “Bendelerime sözüň iň gowularyny aýtmaklaryny bildir! Çünki şeýtan aralaryny açýandyr. Şübhesiz, şeýtan ynsanyň aýdyň duşmanydyr!” Garaz, sizem nebsinize yenilip sawlikler edyansinizdir, menin yazgylarymyn dashynda, siz name edyarsiniz sheyle hallarda?! Mana name maslahat beryarsiniz?! Netijede, hemmämiz üçin şu ýagdaýy oňat bilip, şoňa görä-de amal eden bendeleriniň hataryny goşmagyny Biribardan dilemek bn!
Nebis we ona nadip erk etmek barada (?!)
-
Harmandali
17 years ago
Mana name maslahat beryarsiniz?!
Ata aga sesinizi chykarmaymasanyz bashga name edip biljek! Kawat dymmak in gowy jogap bolup bilyara! Her adamyn ozi dushunmese kan bir sozler bilen tasir etmek kynyrakmyka diyyan.
-
batyr
17 years ago
- Duşman islesen nebis, Dost isleseň Allah(c.c.) yeter diyyarlermi?
Nätcek-dä agam, adam üçin başgalariniň yalnişini has ansat gelyar öydyan!
Geçi-goyun meselesi yali.
Hani bir gün goyun yapdan bökyar velin guyrugi galyar. Geçem muni görya-da izi açildi gülyar. Habari özünin midama açikligindan.
-
ata
17 years ago
- ey, dash edipsiniz ikinem , sag bolun, minnetdar!
-
ata
16 years ago
- şugünler nebsim meni eşek edip, jylawlap münýär, wyždanym şeýle ejiz-aýaklarymyň aşagyndan gutulyp bilenok.
Çäre nämedekä?!
Aslynda, hadysda şeýle ýagdaýda agyz beklenmek maslahat berilýär, sebäbi nebsi diňe açlyk dyza getirip bilýän ekeni. Bu barada rowaýat hem bar, belki-de hadys!
Nesip bolsa, soň ýazmakçy!
-
ata
16 years ago
- Nebsi terbiýe etmegiň iň oňat tärlerinden biri:
Nebis ruhuň garşysyna işleýän duýgudyr. Şeýtanyň dost bolmaýşy ýaly, nebse hem ynsana dost däldir. Ynsanyň ruhy kämillige ýetmegi üçin nebsiň jylawlanmagy zerurdyr. Şol sebäpli Pygamberimiz «Seniň iň uly duşmanyň iki gaşyň arasyndaky nebsiňdir» diýipdir. Serwerimiz bir söweşden dolanyp gelýärkä, «Indi kiçi jihatdan, uly jihada dolanyp barýarys» diýmek bilen nebsiň öňünde hemişe oýa bolmagymyzy sargyt edipdir.
Berhizli, çäkli naharlanmak arkaly ýogalaryň ruhy taýdan güýç-kuwwat gazanýandygy hemmämize mälim. Käbir mistikleriň nebse yza we jepa çekdirmek arkaly belli bir derejede ruhy kämillige ýetýändigi gadymdan bäri bilinýän zatdyr. Emma ne ýogalaryň ne-de mistikleriň ahyret üçin gazanýan zatlary ýokdur. Çünki, aç-suwsuz galmak we riýazat etmek diňe ybadat niýeti bilen amal edilende sogapdyr. Bu niýet musulmançylykda oraza görnüşinde ýüze çykýar.
Ynsandaky nefsi emmare – Allahy tanamak, Onuň emrine boýun egmek islemeýär, Fyragun ýaly özüni taňry derejesine galdyrmak isleýär. Nebsiň bu damaryny kesmek üçin diňe oraza tutmalydyr. Rowaýata görä, Allah Tagala nebisden:
–Men kim? Sen kimsiň? – diýip sorapdyr. Nebis:
– Men mendirin, sen sensiň – diýip jogap beripdir. Netijede, Allah ony dowzaha atýar. Soň ýene öňki sowalyny berýär. Nebsiň jogaby üýtgemeýär. Haýsy azaby berse-de, nebis tekepbirligini taşlamaýar. Ahyr soňy Allah nebsi uzak wagtlap aç-suwsuz goýýar. Soň täzeden soraýar:
–Men kim? Sen kim?
Nebis bu gezek şeýle jogap berýär:
– Sen meniň Rabbi Rahymymsyň, men bolsam, Seniň ejiz bir guluň.
-
ata
16 years ago
- Diýmek, açlyk gowy terbiýe edýän ekeni nebsi, bir hadysam şony subut edýär:
"Baýlygy we güýji ýeterli bolan öýlensin, eger güýji ýetmeýän bolsa, agzyny beklesin, çünki agyz beklemek (nebse garşy) galkandyr, gyýbat bilen deşilmedigi müddetçe!"
-
Harmandali
16 years ago
- Ay name uchin shun adyna “nebis” diyyasay?! Mysal uchin men bir tanshym bar weli hich wagt adamlar bilen urshanok ol ozunin dogrulygyny hem subut etjek bolanok derrew “Alla tabshyrdym, Alla denlesin” diyayya. Shol wagt urshup ozunin dogrylygyny subut etse ol nebsinin guly bolmak bolmayara. Goy ozi uchin urshsyn oz ozuni gorasyn ol name uchin nebis bolya?! Her kim ozuni ozi goramasa bu dowur gorajak adam seyrek dushya.
-
ata
16 years ago
- Harmandäli, ynsanlar deň däl 1-1 leri bn. Şol tanşyň şeýle geçirimli bolup biler, a sen däl. Men hem beýle däl. Ýöne ol şu kada eýerýän ýaly göründi maňa:"Ynsanlar zalymlyk eder, ýöne kysmat adalat eder!".
Ýagny, oňa ynsanlar zalymlyk etse-de, ol adam özüniň başga bir günäsi sebäpli, şol ýagdaýyň özüne rowa görlenini pikir edip, zalymlyk edenleri hem Allaha tabşyryp, özi goşulyşmak islemeýän bolup biler. Bu ýagdaý beýik yslam alymlarynda köp bolan ýagdaý, geňirgenip otyrma!
Nebsi bn baglanşygy hem azda-kände ýok däl welin, asyl zat ýokarky ýagdaýmyka diýýän!
-
agayunus
16 years ago
Her kim ozuni ozi goramasa bu dowur gorajak adam seyrek dushya
bir gün bir derwiş saçyny, sakalyny oňartmak üçin dellekhana barýar. oňardyp otyrka mähelläniň bir baýy gelip, tur kel kädiň nämesini oňartýaň diýip derwişiň kellesine ýazdyryp goýberýär. geçirimli derwiş sesini çykarman ýerini baýa berýär. baý özüne serençäm berdirip gapydan çykanam şol welin atly araba baýyň üstünden geçip basyp öldürýär. bolup geçen zatlara aňňalyp duran dellekçi derwişe seredip, hä derwiş sen muňa hakkyňy halal(edenini geçirip, bagyşlamak) etmediňmi ýa?, diýýär. derwiş:"wah men hakkymy helal etdimle, ýöne görýän welin bu kel kädiň eýesi oň ýazygyny geçmedi öýdýän" diýýär. dünýäde ýaradylanlaryň hiçbiri goralgasyz ýa-da eýesiz däldir.
hakyky musulman etinden geçip süňňine barýança edilýän zalymlyklara dişini gysyp sabyr etjek bolýalar, zalymlary Alla tabşyrmaga-da ýürekleri edenok. Çünki işiň Alla tabşyryldymy, işiň gaýtdy biläý:)
-
agayunus
16 years ago
- ata aga, menä nebsimi aç saklasamam käwagt içimi ýakýa...açlykdan beter halsyz bolunýamy nämemi ýaltanylsa hiç zat edilenok. nebsiňi terbiýelemek bilen bile güýçli erkem gerekmikän diýýän ýanynda.
-
ata
16 years ago
- tüweleme, ýokardaky wakada dellekçi derwişiň saçyny syryp otyrka, ýarysyna gelende gelýär şol gompy we gedemsi baý. Gele-gelmäşe-de derwişiň kellesine urup, öz saçynyň gysgaldylmagyny talap edýär dellekçiden. Derwişiň hem razylyk bermegi bn dellekçi, onuň saçyny gysgaldyp başlaýar. Gedemsi baý ýöne derwüşiň üstünden "käda seret!..." diýip, gülüp oturýar saçy gysgaldylýnça. Soňam çykyp gidýär. Şykanam şol welin, awariýa bolup ölýär. Dellekçi derwüşi bileni üçin, oňa manyly seredip:"Biraz agyr bolmadymy, derwiş aga?!" diýen ýaly edýär. Derwiş hem:" Wah, bu kädi ony bagyşlady-la, ýöne Kädiň eýesi hem bar, ynha, Ol welin bagyşlaman ekeni!" diýýär!
-
ata
16 years ago
- Nebis, elbetde, güýçli. Açlyk ony boýun egdirýär, bu bir hakykat. Ýokardaky hadysdan süzülen rowaýat men munyň aýdyň şaýady. Ýene bir hadysda:"Oraza şehwede(nebsiň güýçli we ýaramaz isleglerine) böwet bolar!" diýilýär. Şu ýagdaý çyn. Synap görenler bardyr, elbetde. Şolaň biri hem özüm. Aç bolan wagtyň, ysgyndan gaçyp, nahardan/ryzykdan başga zady pikir eder ýaly bolanok. Ýogsam şu ýewropa ülkelerinde tomsuň güni açyk gyzlardan ýaňa arkaýyn ýörär ýaly bolanok nazar taýdan. Aý, näme, bizem ýetişen we sallah oglanlar. Oraza tutmasaň, nebis heläk etjek bolup dur:"Seret, sert-how! Ýanyna bar, eýt-beýt!..." diýip.
Allah gorasyn bar-a şu nebis we şeýtanymyň şerinden! Erkime galsa, men-ä heläk bolarmmykam diýýän.
Bärde örän oňat ildeş dostlarym bar, bu babatda olaryň berk we kämil imanlary sebäpli görkezýän oňat häsiýetlerine eýerjek bolýan men hem.
Nebsiňe eýe çykmak üçin, elbetde, güýçli erk gerekli, men muny inkär edemok, ýöne iň täsirli tär hökmünde nebsi açlyk bn terbiýe etmeli diýjek boldum öňküleriň tejribelerinden peýdalanyp. Nebsi terbiýelemegiň başga tärleri barmy aç-suwsyz saklamak ýaly, bar bolsaň ýazaýsaňyz!
-
agayunus
16 years ago
iň täsirli tär hökmünde nebsi açlyk bn terbiýe etmeli
doly goşulýan...öňem bir ýerde ýazypsyňyz...köri-körine açlyk nebsi däl-de bedeni terbiýeläp biler, nebisi terbiýelemek üçin ähli synalarymyza "açlyk" çekdirmeli we nabise ýetip biljek ähli günä ýollaryny beklemeli(daslowna ýazmadymda, ýöne umumy manysy şudy)...siziň sözüňiziň üstüne bir zat diýip bolmaz. men ýöne şuny diýäýeýin goşmaça, açlygyň getirýän manewi peýdalaryny okap öwrenip amal etseň hem uzaga gider hemem ynamdarrak bolar. nebisi terbiýelemegiň ýene bir ýoly köp okap imanyňy täzeläp durmaly, nämäniň dogry nämäniň ýalňyşdygyny her demde ýatdan çykmaz ýaly edip durmaly.
-
ata
16 years ago
- hawa, jigim, ýazanlaryňa doly goşulýaryn!
Allah razy bolsun we seni hemme haýyr işleňde başarnykly etsin!
-
agayunus
16 years ago
- "yslamda nebis mydama bir ata deneler, cunki bizi ebediyete akidjek oldyr. kabir adamlar nebsinden arkayyn, ynamdar bolmak ucin ony oldir yaly kosap yadatmak islar. emma welin nebisi oldurmek dusunjesi yslama yad bir dushunjedir. yslamda esas bolan ony oldurmek ya-da kosemek dal-de, ony terbiye we tezkiye(saplamak, durulamak, tamizlemek) etmekdir. azgynlyk yabany atlarda bolsy yaly ynsan nebsinin hem esaslaryndan biridir. okde bir seyis bolmasanyz atynyz bilen her wagt basynyz dertde diymekdir. Eger, adamyn bakyyete yoreysini bir atyn ylgayys-aylawyna menzetsek, bu uzyn maratony(yoly) yenip gecmegin syry atyn dem alys we ayak hereketleri arasyndaky ritmda(sazlasykda) gizlidir. bu sazlasygyn yitirilen ya-da bozulan halatynda sizin yolunyz gutarylman yarym galdy diymekdir. yslamda nebsin yadadylmagy ya-da cakdan asa kosenilmegini howlukmac capyksuwaryn aty gyssap zola garyn bosluguna urup, onyn dem alys we ylgayys ritmini bozmagy bilen denesek bolar.
gowy bir at ustune munen capyksuwaryn hasiyedini eyyam ilkinji hereketlerinden anyp biler. ilkinji hereketler siz bilen atynyz arasyndaky geljekki gatnasyklaryn hilini kesgitleyar. okde capyksuwar atyna munip munmanka jylawyndan asta cekip atyna gizli bir ysarat yollar. capyksuwaryn bu herekedi onyn geljekde aty bilen gatnasykda we yol yol duzgunleri babatynda agalik bilen cemelesjekdigini gorkezere. konelerimiz aytmylayyn "at eyesine gora kisnar". oran yerlikli menzetme!...adam eldekilesdirilmedik bir at(nebisi) bilen nadip bir omur dogry yolda ilerlap bilerka?!
diymek dine bir okde seyis bolmak yetenok, eysemde bolsa okde capyksuwar hem bolmaly. azgyn bir nebis, her wagt yarylmaga tayyar bomba yalydyr...gaynayan yanardag ya-da josan umman yalydyr. nebis ummanynyz bir gezek josan bolsa, sizin akyl, kalb, ruh we wyzdanynyz suwyn asagynda galdy diymekdir. mulkinizi suw basan bolsa ahirete degisli hic zat ekip ondirip bilmersiniz..." Alynty
Pygamber efendimiz (s.a.w) bu dunyani ekin meydanyna menzedip "bu dunya bakyyet dunyamizin ekin meydanydyr, bu yerde ekip ondiren zatlarynyzyn miwesini bakyyetle toplarsynyz diyyar" bu dunya bakyyet dunyamizin ekin meydanydyr
-
ata
16 years ago
kabir adamlar nebsinden arkayyn, ynamdar bolmak ucin ony oldir yaly kosap yadatmak islar. emma welin nebisi oldurmek dusunjesi yslama yad bir dushunjedir. yslamda esas bolan ony oldurmek ya-da kosemek dal-de, ony terbiye we tezkiye(saplamak, durulamak, tamizlemek) etmekdir. azgynlyk yabany atlarda bolsy yaly ynsan nebsinin hem esaslaryndan biridir. okde bir seyis bolmasanyz atynyz bilen her wagt basynyz dertde diymekdir.
,
Ilki degişmekçi:
Meň beýle mowzuklaryma girip, jogaplanýalaram bar-maý :)
Indi şu ýazgy boýunça mende bar bolan pikiri beýan etmekçi:
Hawa, nebis öldürilmeli däl, tebiýe edilmeli. Bu babatda Yslam ägirtleriniň beýanlary hem bar. Men şondan täsirimi alýan kämahal. Meselem, käwagt meiň nazarym ýoldan geçip barýarkam, nämähreme düşse(bärde köp şu ýagdaý), şonda Allahdan "gözlerimi alsaň nähili gowy bolar?!" diýesim gelýär. Aslynda, bu rowgat menem ýogom welin, pikir edmän durup bilemok. Ýöne şol bir gözüň ençeme haýra sebäp bolup biljegini, şoňa ymtylmalydygymy, meselem, Kuran okap, okadyp we öwredip; serhedimizide duşmana garşy nobat tutup we ş.m. amallar arkaly has beýik orna goýup boljagyny hem ýatlaýan. Ynha, Allahdan şony dileýän!
-
ata
16 years ago
- bedenimiziň ähli synalary hem nebsimiz bn baglanşykly. Bu babatda öňem bir ýazgy goýupdym, ynha:
"Umumy manyda:"...oraza aýynda diňe agyz(nahar iýmezlik bn) däl, eýsem-de bolsa, gözüňi - harama seretmezlik bn, eliňi - harama uzatmazlyk bn, aýagyňy - harama gitmezlik bn, diliňi - gyýbat/söwünç etmezlik bn, gulagyňy - gyýbata/söwünje gulak asmazlyk bn, kalbyňy - hemme zady ýigrenmezlik bn, aňyňy- erbet zatlary pikir etmezlik bn, nebsiňi - erbet zatlary islemezlik bn hem tälim etmeli, ynha, şonda Biribar seniň gören gözüň, eşiden gulagyň we tutan eliň bolar..." diýilýär!
şol ýagdaýy hemmämiz üçin dilemek hem-de dilegleriňizde ýatlanmak dilegi bn!"
Ynha, elimizi, aýagymyzy, gözümizi, gulagymyzy, dilimizi, agzymyzy, garnymyzy we agzalmadyk beýleki synalarymyzy nebsimizi we wyždanymyz öz täsirlerine alýarlar. Wyždan hemişe gözelligi we gowulygy ündär, nebis bolsa, hemişe erbetligi we günä etmegi ündär. Bu babatda aýat we hadyslar goýlupdy, ýekeje mysal bersek:
“Men nebsimi aklamaryn. Cunki ol hemishe erbetligi islar. Biribaryn dilemegi munyn dashynda!(Hz.Yusup-Enbiýa süresinde)”
-
agayunus
16 years ago
Meň beýle mowzuklaryma girip, jogaplanýalaram bar-maý
on okamda kellamde galypdy, okap oturan zadym bilen baglanshykly diyip...bosh bolamson yazan bolup oturshymda
-
ata
16 years ago
- meňzetme örän oňat bolupdyr:
at - nebis;
çapyksuwar - ynsan;
bärde erk(bu babatda güýçli isleg), akyl(ýagdaýa doly we dogry göz ýetirmek) we amalyň(dogry usul we mukdar taýdan) hem gerekdigi mälim bolsa gerek. Ýazgydan şol üçüsi hem çykýar, aslynda.
at seýislemek bn nebis terbiýesi meňzetmesi gowy, şoňa görä eýerip, amal etmek hem gerek. Iň bolmanda, ökde çapyksuwarlardan tälim we goldaw almak ýaly, ynsanlar hem göreldeli ynsanlardan bu babatda ündew we kömek almaly, pikirimçe!
-
Maxat
16 years ago
Meň beýle mowzuklaryma girip, jogaplanýalaram bar-maý
güldürdünüzow ata aga))), olam azaşyp girendirlay))
ata
ps: elinize saglyk, klawyaturanyz könelmesin
Harmandali 17 years ago- Menem kop yenilyan yone ona men gunakar dal :)))) hehe meni adamlan ozleri provosirowat edyaler ozleri shona itekleyaler. Bolmasa bashda umsumjek otyryanamlay ahyr bolmanson ondan son yarylyan. Kawagtlar bolsa hich kim iteklemedik wagtam nebsimin guly bolyan :))) Name etjek biz adamda adamlar bolsa yalnyshya!