Türkmen şekillendiriş sungaty gadymyýetden gaýdýar. Döwürleriň, asyrlaryň geçmegi bilen şekillendiriş sungaty hem kämilleşip şu günki derejesine ýetdi. Türkmen nakgaşlary dürli döwürlerde pasyllara görä birnäçe eserleri döredipdirler. Öz gezeginde türkmen şekillendiriş sungaty edebiýat bilen baglanşykda gelýär. Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi, reňk öwüşgünleri bolýar. Şeýle gözelligi döredip ony halka ýetirýän hem şekillendiriş sungatynyň wekilleridir. Pasyllaryň arasynda güýz pasly has-da tapawutlanýar. Sebäbi ýapraklar saralyp, ýetişen miweler ýygnalyp ýylyň jemi jemlenýär. Güýz paslynyň gözelligini şekillendiriş sungatynyň wekilleri bilen birlikde ýazyjy şahyrlarymyzam hem öz eserlerinde wasp edýärler. Güýz paslyny ýatlanyňda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgulary ýadyňa düşýär. Şahyr “Güýz” atly goşgusynda şeýle belleýär: Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak. Ýaprak saralanda durlanýar pikir. Ýatlaýan geçeni önküden köpräk, Hem diýýän: «Onatlyk, Hudaýa sükür!» Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her haýsysynyň özüne mahsus ajaýyp gözelligi bar. Pasyllaryň arasynda güýz pasly bereketli aýlaryň biridir. Ekin meýdanlarynda miweler ýetişýär, baglaryň şahalaryna görk beren ýaşyl ýapraklar saralyp ýere düşýär. Ol sarylyk ýöne bir sary bolman, eýsem, owadan, ýumşak hem agras sarydyr. Ol sarylykda ähli pasyllaryň reňki bar. Güýz pasly sungat adamlarynyň ýüreklerine ylham berýän pasyldyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen talyplar güýzki tejribelige çykýarlar. Olar paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde birnäçe eserleri döredýärler. Her bir güliň ysy deň bolmaýşy ýaly pasyllar hem özüniň gözelligi bilen aklyňy haýrana goýýar, ýürekleri joşdurýan. Şahyrlar goşgy ýazýar, sazandalar saz çalýar, bagşylar aýdym aýdýar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary bolsa tebigatyň gaýtalanmajak reňk sazlaşykly gözelligini kagyzdyr kendiriň ýüzünde şekillendirýärler. Ynha bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda talyp ýaşlarymyzyň “Güýz pasly” atly temalaýyn sergisi açyldy. Bu sergide türkmen tebigatyny wasp edýän 200-den gowrak nakgaş we grafika eserleri görkezildi. Güýzüň gelmegi tebigatyň hakyky häsiýeti özüniň reňk baýlygy ýagny daş töweregiň dürli reňkler bilen şöhle saçmagy bilen döredijilik adamsyny joşdurýar. Eserlerde paýtagtymyzyň gözel ýerleri, tebigatyň dag etekleri, sähralyklary, baglaryň saralan ýapraklary arassa asmanyň astyndaky tebigatyň beýany mähirli duýgular arkaly suratkeşler bilen sazlaşykly dünýäde görmek bolýar. Bu serginiň esasy maksady ýaş talyplaryň çekýän suratlarynda täze gözýetimleriniň açylmagyna, iş tejribeleriniň has-da ussatlaşmagyna döredijilik dünýäsiniň kämilleşmegine öz täsirini ýetirip, tomaşaçylarda türkmen tebigatyny suratlandyrmaga höwesi döredýär. Sergide akademiýamyzyň talyp ýaşlarynyň Ruslan Abdullaýewiň “Manyş”, “Bagyr obasy”, Baýram Mämiýewiň “Gurtly köl”, Aly Sytdykowyň “Peýzaž”, Perhat Töräýewiň “Güýz peýzažy” diýip atlandyrlan eserleri görmek bolýar. Ýaş suratkeşleriniň döreden peýzažlary Türkmenistanyň gözelligine göz ýetirmäge, Watanymyza bolan söýgüsini güýçlendirmäge we bizi gurşap alýan hakykatynda täze gözýetimlerini açmaga ýardam berýär. Döwletgeldi Gutlyýew, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby

Köneler, nexttm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir