Golaýda Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň guramagynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda bagşyçylyk sungatyna bagyşlanyp «Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr» atly festiwal geçirildi. Iki günläp dowam eden şüweleňde adygan bagşylar bilen birlikde, aýdym-saz sungatyna ýaňy baş goşan ýaşlar özleri üçin ýörite taýýarlanan ýere geçip, uly joşgun, belent owaz bilen aýdym aýtdylar. Diňläniňde köňüllere ganat bekledýän şirin mukamlar, gulaga ýakymly hoş owazly aýdymlar ynsan ähliniň göwün guşuny göge göterýär, durmuşa höwes döredip, belent sepgitlere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täzeden galkynan bagşyçylyk sungatymyz bu günki gün belent perdelere galyp, Zeminiň dürli künjeklerinde ýaňlanýar. Aýdym-saz durmuşyň bezegi, toýlaryň ýaraşygy. Şirin owazly aýdymlar kalplary joşa getirýär. Gözel Diýarymyzda aýdym-saza, ony ussatlyk bilen ýerine ýetirýän bagşy-sazandalara uly hormat goýulýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýipdir. Akyldar şahyrymyzyň bu pikirini milli Liderimiz «Ile döwlet geler bolsa...» diýen kitabynda has ösdürip, bagşyçylygyň taryhy, şu güni hakda töwerekleýin gürrüň edýär. Bagşyly iliň döwletli ildigini, aýdym-sazyň ýaňlanýan ýerinde bagtyýarlygyň bolýandygyny örän täsirli beýan edýär. Bagşylar barada gürrüň edilende, aglaba «halypa gören» diýen jümläni eşitmek bolýar. Owazy ýüregiňe ýol salýan bagşyny diňläp otyrkaň, kimdir biri hoşallyk bilen: «Bäh, tüweleme, halypa görendigi bes-belli-dä» diýer. Bu bagşa göwün ýetmekden nyşan. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyz hem aýdym saza, milli halypa-şägirtlik ýoluna uly sarpa goýýar. «Biziň meşhur bagşylarymyzyň we sazandalarymyzyň asyrlarboýy diňe ähli halk tarapyndan ykrar edilen halypalardan, ussatlardan ak pata alanlaryndan soňra halk içinde aýdym aýdyp, saz çalyp başlandyklary, durmuşda özbaşdak ýola düşendikleri hemmelere mälimdir...» diýip, halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýetini aýdyp geçýär. Hakyky bagşy-sazandalar sungatyň özboluşly mekdebini geçipdirler. Aýdym-saza köňül beren çyn zehinli adamlar bagşy adyny alyp, orta çykmazyndan öňürti, il içinde hatyralanýan ussatdan tälim öwrenipdirler. Şägirtleriň halypadan tälim alyşlary «Nejeboglan» dessanynda-da şöhlelendirilýär. Eserde beýan edilişine görä, öz ýaşan döwründe Aşyk Aýdyň pir köp şägirtleri ýetişdiren ussat halypa bolupdyr. Dessanda halypalaryň öz şägirtlerine diňe bir aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwretmek bilen çäklenmän, olara ahlak terbiýesini berendikleri şeýle teswirlenýär: Sen baraňsoň şa istemiz Elbendi, Pendim budur, tekepbirlik eýleme. Tekepbirlik goç ýigide har getir, Pendim budur, tekepbirlik eýleme. Bu nesihata häzirki bagşylarymyz hem berk uýýarlar. Şeýle bolansoň, ähli ugurlar bilen bir hatarda, aýdym-saz sungatymyzda hem täze-täze ösüşlere ýetildi. Şol ösüşleriň hatarynda ýurdumyzda täze açylan medeniýet ojaklaryny, ýörite çagalar sazçylyk mekdeplerini agzamak bolar. Geçirilýän bäsleşiklerdir festiwallarda ýaş zehinli bagşylary ýüze çykarmakda, olaryň aýdym-saz sungatyna bolan höwesini artdyrmakda, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda köp işler edilýär. Şu gezekki festiwalda ýerine ýetirilen aýdym-sazlary diňläp, bir tarapdan ruhy lezzet alan bolsak, beýleki tarapdan döwür bilen deň gadam urup, ajaýyp döwrümiziň sesine öz sesini goşup bilýän zehinli bagşy-sazandalaryň barha artýandygynyň şaýady bolduk. Dagy näme, hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny döredijilikli dowam etmekligi ündeýän, munuň üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mahaly bu şeýle-de bolaýmaly. Festiwaldaky aýdymlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan döwletimiziň, buýsançly işleriň sakasynda duran milli Liderimiziň waspy belentden ýaňlandy. Ajaýyp bahar paslynyň sergin howasyna joşgun berip, töwerege ýaň salan ol aýdymlar owaza muşdak göwünleri galkyndyrdy. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir