Ýyldyzlar ýaldyrap, ýanyp-öçmäni, Guwlar tans oýnaýyp, täsin uçmany, Ýeller emaý bilen öwsüp geçmäni, Seniň näzli ýöreýşiňden öwrensin. Agaçlar, ýapraklar reňkin almany, Şybyrdaşyp, şirin owaz çalmany, Asmanda Gün çykyp, nurun çaýmany, Seniň mährem ýylgyrşyňdan öwrensin. Uzyn daragtlaram egmäni başyn, Bezegi ýaz paslyň — töwerek-daşyň, Ýyldyrym çakanda yşkyň ataşyn, Tutaşdyrmany hem senden öwrensin. Bagdaky güllerem görmegeýligi, Tebigat al-ýaşyl geýinmekligi, Söýgiň özem söyüp hem söyülmegi, Senden öwrensin. Bilbil gül ugrunda saýrap joşmany, Aşyk ýar ugrunda ýanyp bişmäni, Şahyr seň waspyňa goşgy goşmany, Menden öwrensin. © Perhat H.

Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir