Sebäpsiz söýgüniň oduna ýakyp, Agladyp öldüren, zalymmydyň sen?! Ýa adyňy ykbalyma ýazdyryp, Söýgüden okadan, alymmydyň sen?! Ykbal bilen, ýaryşdyryp ozduryp, Erkim alyp, hem janymy syzdyryp, Duýman durkam, durmuşymy tozduryp, Gözlerimden ýiten salgymmydyň sen?! Yşgyň üçin, wada berip ant bilen, Bu ýollarda bile ýöräp bagt bilen, A soň bolsa, süýji berip gant bilen, Aldar ýaly näme, çagamydym men?! Ýigit kalbym, elenendir eliňde, Ýalan söze ynandyryp güleňde. Gyz halyňa dyza çöküp öňüňde, Oýnar ýaly näme, sadamydym men?! Tukat wagtym oýun gurap güldürip, Herne ýalňyz däldigimi bildirip, Iň soňunda göz ýaşlara bürenip, Gülkimde gizlenen agymmydyň sen?! Adam ömri uzyn daragta meňzär, Günler ýaprak bolup zemine dyzar, Bagtly pursatlaryn — miwesi bezän, Miwesiz ýetişen bagymmydyň sen?! © Perhat H.