Salam agza we myhmanlar! Soňky wagtlar line-da käbir hasaplaryň ýazgylaryny okamana başladym. Olardan 2 sanysyndan (Konsultant - @hwy5637m we Okgunlylar - @tlc7741d) birnäçe mowzuk paýlaşdym. Her ikisem ertir sahypasy we ertiriň line akkaunty bolmanlygynda, onuň ýerini belli möçberde tutan hasaplar we pikir alyşma platformy hökmünde kabul etse bolýar. Bugün başga 1 line hasabyndan hem käbir ýazgylary paýlaşmakçy. Ine: Täze iş gününe ugurnama (aslynda, her bir gün üçin bolsa has gowy ýaly) Coca-colanyň öňki baştutaty Braýan Daýsonyň 30 sekuntlyk çykyşy Durmuşy bäş sany kiçijek topy oklap-gapmak oýny diýip göz öňüne getireliň. Bu topjagazlar: 1. Iş, 2. Maşgala, 3. Saglyk, 4. Dost-ýar, 5. Göwün. Siziň wezipäňiz olaryň hemişe howada bolmagyny gazanmakdan ybarat. Basym siz Iş diýen topjagazyň rezinden ýasalandygyna, birden ony gaçyraýsaňyz hem onuň ýene ýokary göteriljekdigine göz ýetirersiňiz. Emma beýleki dört top - Maşgala, Saglyk, Dost-ýar we Göwün aýnadandyr. Eger siz olaryň haýsam bolsa birini gaçyraýsaňyz, moý atar, çat açar, bir ýerjigi uçar, hatda kül-uşak bolmagy hem mümkin. Garaz, ol hiç haçan öňki kaddyna gelmez. Siz şuňa akyl ýetirip, beýle zadyň bolmazlygy üçin dyrjaşmalysyňyz. Iş wagtynda başardygyňyzdan, aňrybaş derejede netijeli işläň hem-de öýüňize wagtynda dolanyň. Maşgalaňyza, dost-ýara we dynç almaga ýeterlik wagt aýryň. Gymmatlyk diýlen zat dine gadry bilnen ýagdaýynda gymmatly bolýandyr. Çeşme: Psihologiýa line hasaby ID: @bpv4813k Bellik: aşakda hem şol bir hasapda ýazylan gowja ýazgylary bölekleýin goýmana dowam edip bilerin nesip bolsa. Bu olaryň hemmesine goşulýanlygymy aňlatmaz, ýöne umumy manyda sitata we gowy sözleri goýýan ekeni. Sizem isleseňiz goşant goşup bilersiňiz.

Köneler, ata tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir