Öýsüz, idegsiz haýwanlara ýardam berýän merkezi döretmek hakynda jemgyýetçilik başlangyjy şeýle mysallaryň biri bolup, ol dessine döwlet goldawyna eýe boldy. Söhbet şeýle meýletinçileriň ozal bolup-bolmandygy hakynda baranok, dogrusy olar ozallar hem bolşy ýaly, häzirki wagtda hem bar. Häzirki gürrüň olaryň birinji gezek resmi taýdan döwlet edaralaryna goldaw isläp ýüz tutandyklary barasynda hem-de ol guramalaryň bada-bat hemaýatly gollaryny uzadandyklary hakynda gidýär. Şeýlelikde, täze merkezi resmi taýdan bellige almak işinde Ykdysadyýet we ösüş ministrligi meýletinçilere ýol görkeziji boldy. Bu gurama zerur resminamalary taýýarlamakda olara uly ýardam berdi. Ýurdumyzyň resmi edaralary tarapyndan bellige alnan merkeziň “Umytlar adasy” diýen ady hem bilelikde oýlanyp tapyldy. Bu taslama Döwletimiziň beýleki edaralarynyň hem ünsüni bada-bat özüne çekdi. Olar bu döwletli işiň ýol almagy üçin özleriniň goldaw bermäge taýýardyklaryny görkezdiler. Meselem, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bu taslama we ugurdaş düzümler üçin Aşgabadyň etegindäki aralyk zolakdan ýer bölegini bölüp bermegi karar etdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bolsa kärhanada haýwanlaryň saglygyna esewan etmek üçin dürli derman we beýleki serişdeleri iberdi. Oba we suw hojalygy ministrliginiň Döwlet weterinar gullugy tarapyndan bolsa merkezde saklanylýan haýwanlar üçin zerur serişdeler we waksinalar ugradyldy. Her ýylyň awgustynyň üçünji şenbesinde bu ynsanperwer kömegiň halkara derejesinde bellenilýän idegsiz haýwanlaryň Bütindünýä gününe gabat getirilendigini hem bellemek gerek. Bu sene haýwanlaryň hukuklary boýunça Halkara jemgyýetiniň başlangyjy esasynda senenamada peýda boldy. Guramanyň 1992-nji ýylda orta atan bu başlangyjy dürli ýurtlaryň haýwanat dünýäsini goraýjy guramalary tarapyndan goldaw tapdy. Sene juda köp ýurtlar, şol sanda ösen ýurtlar üçin hem baýramçylyk däl-de, eýsem idegsiz haýwanlaryň meselesine seredilmegi üçin delil hasaplanylýar. Bu taslama Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi hem gyzyklanma bildirip, “Umytlar adasy” hususy kärhanasyna hyzmatdaş gurama hökmünde garady. Bu taslama telekeçilik düzümleri, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy - “Çeper hyzmat” hojalyk jemgyýeti kömegini hödürledi. Bu asylly işe öz goşandyny goşmaga isleg bildirýänleriň hatarynda paýtagtymyzyň käbir restoranlary hem bar. Olar aşhana önümçiliginden galyndylary “Umytlar adasy” merkezinde saklanylýan dört aýakly dostlarymyzyň “saçagyna” hödürlemäge taýýardyr. Şeýle-de Türkmenistanda hususy kärhananyň çäginde idegsiz jandarlar üçin täze eýeleri gözlemek hem-de olara ideg etmek bilen meşgullanýan ilkinji resmi guramanyň döredilmegi daşary ýurtlarda hem uly seslenme tapdy.Türkmen internet-köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu baradaky habarlaryna öňdebaryjy täzelikler agentlikleri we teleýaýlymlar seslendiler. “Umytlar adasy” taslamasy — dürli ýagdaýlara görä eýesiz galan haýwanlara biperwaý çemeleşmeli däldigine çagyryşdyr. Bu taslamanyň ilkibaşdan meýletin kömekçileriň köpsanlysynyň ünsüni özüne çekendigini bellemek möhümdir, olar mümkin ozal hem bu mesele bilen meşgullanmak isländirler, emma nämeden başlamalydygyny bilmeýärdiler. Eger-de, nähilidir bir sebäp bilen idegsiz galdyrylan iti ýa-da pişigi öýde saklamak mümkinçiligi bolmadyk halatynda hemişe meýletinçi bolup, merkeze gelmek bilen iti gezdirip, ýa-da pişik bilen oýnap, olar üçin iýmit getirip, ýa-da hojalyk işlerine kömek edip bolar. “Umytlar adasy” merkeziniň işgärleri şeýle hem haýwanat dünýäsine bolan gatnaşygyň medeniýetini ýokarlandyrmaga ýardam bermegi özleriniň gönüden-göni borçlarynyň biri hasap edýärler, munuň özi öý haýwanlaryna ideg etmegiň kadalaryny, olara öz wagtynda hökman sanjym edilmegini, şunda zerur talaplaryň berjaý edilmegini, idegsiz pişikleriň we itleriň arassaçylygynyň saklanylmagyny hem öz içine alýar. Täze merkez idegsiz haýwanlaryň saglygyny barlamak, olary ýerleşdirmek, saklamak we zerur endikleri öwretmek üçin niýetlenendir. Munuň üçin başky karantin we jandarlaryň saklanylýan toplumlaryndan başga-da, wagty bilen ýörite weterinar hassahanany, oýun, türgenleşik meýdançalaryny hem-de hat-da eýeleri zähmet rugsatlaryna giden halatynda haýwanlar üçin wagtlaýyn ýaşalýan ýerleri gurnamak göz öňünde tutulýar. Merkeziň işgärlerine bu çäreleriň ählisiniň durmuşa geçirilmegi üçin mundan beýläk hem jemgyýetçiligiň goldawy zerur bolar hem-de merkeziň şeýle ýardamy aljakdygyna şübhe ýokdur.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir