Ertir saba-säher sag-aman örseň, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir. Gijeler süýjüje düýşleri görseň, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir. Maňa beren, şol bäş mintlik rugsadyň, Oturyp, ýada salan pursadyň, Sanjylaýsa, birsyhly çep gursagyň, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir! Ýazan hatlarymy okaňda başlap, Düşse gözüň, diýen sözlerme: "başlyk", Gözüňden aýyrsa, hapasyn — ýa:şlar, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir! Durmuş hakda söz açsalar özgeler, Saňa-da sözleriň gezegi geler, Şonda dymyp, ýüzüň gyzarsa eger, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir! Gamgyn wagtyň, ýa bir ýeriň agyrsa, Ýa gahar-gazabyň seni çagyrsa, Şu goşgymy okap çala ýylgyrsaň, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir! Men giderin, gelmez, belki, saklasyň, Allam seni — penasynda saklasyn, Gözleriňden ajy ýaşlar akmasyn, Bu-da meniň saňa bolan söýgimdir! Bu durmuşdyr, gyş, ýaz, tomus, güýzem bar, Her pasylyň öz tikeni, güli bar, Söýse biri, seni ýürekden Gülnar, Şolam meniň saňa bolan söýgimdir! ⓒ Perhat. H

Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir