Ýylgyranda, müñ gözele taý gelýän, Güleninde, çyn ýüreginden gülýän, Seredende, ýürejigimi dilýän, Şol bakanja gözleriñe aşyk men. Edep-terbiýesine haýran men, haýran, Seni wasp etmäge bilbilem saýrar, Bolsagam ara daş, ikimiz aýra, "Ýok, ýok" diýen, sözleriñe aşyk men. Bar meňzeş periler, meňzeş gözeller, Saňa meňzeş şo-ol bagdaky güller, Baksamam olara, gabanma, dilber, Barybir, hut özüñe aşyk men! Iş edende gyzyl güldür elleri, Gürleýişi, wahh...jan alyjy dilleri... Çekemde özüme, diýip: "Gel bäri", Gaçyp giden yzlaryňa aşyk men. Han-ha gelýäň, uz basypjyk ýodadan, Saňa bakan mahrum bolar dideden. Wah, görsene, kaddy kamat, gül beden, Şamar saçyň her taryna aşyk men. A:ýam gizlär özün, görse keşbiňi, Bilbilem saýramaz, sesiň eştdigi, Düşünmedim, näme, gyşam geçdimi?! Bäh, şu gyzyň ýaz kalbyna aşyk men. Baýdak bildiň, saňa goýýan ynamym, Goý, öňümde, geçeýin b:ar synagyň, Ýöne nämäň alamaty — dymmagyň?! Sessiz "söýýän" diýişiňe aşyk men. ⓒ Perhat H.

Köneler, Nazaryyett tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir