Ýene ýagyş ýagdy şäherimizde, Ezlip ýörün sen hakda aýdym aýdyp. Bir wagtky tutaşan aprel o:duny, Belki, şu damjalar söndürer öýdüp. Hawa, aýdym aýdýan, göýä şahalar, Yraň atýar, maňa düşünýän ýaly. Hamana diýersiň asfalta damýan, Damjalaram sazyn çalýan mysaly. Ine-de şemalam alyp gyjagyn, Çalýar bir syhly gamgyn sazyny. Gögem sesin goşup, döretdi birden, Güýzüň özboluşly simfonýasyny. A men bolsa, ýagty şäherimizde, Ezlip ýörün sen hakda aýdym aýdyp. Geňläp bu bolşumy adamlar, belki, Pikirem edýändir dälidir öýdüp. Belki, dälidirin, a belki-de ýok, Ýöne bir hakykat — men seni söýdüm! Ezlip ýörün, şo-ol aprel o:duny, Belki, şu damjalar söndürer öýdüp... ⓒ Perhat H.