Mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyna uly üns berilýär. Owadanlygy, gaýratlylygy, edermenligi bilen özüni tanadan behişdi bedewlerimiz bu gün dünýä arenasyna çykyp, türkmen halkynyň abraýyny artdyrýar. Gadym döwürlerde toýlaryň bezegi bolan at çapyşyklar, bagtyýarlyk döwrümizde halkymyzyň göwünlerini galkyndyrýar. Ýurdumyzda uly tutumlar bilen badalga alan güýzki at çapyşyk möwsümi iki ýaşar bedewleriň 1400 metr aralykda ýaş çapyksuwarlaryň гатнашмакларында başlandy. Ezber çapyksuwarlaryň görkezen ussatlyklarynyň netijesinde Alguş, Görmegeý, Gülgüne, Meledepel ýaly atlar tomaşaçylary haýran galdyrdy. Ýurdymyzyň Garaşsyzlyk toýunyň 26 ýyllygynyň öň ýanynda başlanan bu baýramçylyk çäreleri bizi guwandyrýar. Aşgabat atçylyk toplumyna tomaşa gelýän bedew janköýerleri bu baýramçylyk günleriniň şaýady bolýarlar.